Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 40 ýaşyna ýetmedikler ýurduň daşyna çykarylmaýar


Türkmenabat şäheriniň aeroporty (illýustrasiýa)

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Türkmenistanda ýurduň daşyna çykmak isleýän raýatalaryň ýaşyna degişli çäklendirme 40 ýaşa çenli artdyrylypdyr.

Читайте также на русском

"25-nji iýunda daşoguzlylar ýurduň daşyna çykmak boýunça ozalky ýaş çäklendirmesiniň 30 ýaşdan 40 ýaşa çenli artdyrylandygyny bilip galdylar" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ýylanly we Görogly etraplarynyň migrasiýa gullugyna ýüz tutan ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, olar syýahatçylyk wizasyny almak üçin zerur resminamany sorap baranlarynda, resmiler ony bermekden ýüz öwüripdir we "ýokardan edilen görkezmä" görä, 40 ýaşa ýetmedikler üçin ýaş çäklendirmesiniň bardygyny aýdypdyr.

"Migrasiýa gullugynyň işgärleri ýokardan görkezme edilendigini we indi 40 ýaşyny doldurmadyk hic kime ýurtdan çykmaga rugsat berilmeýändigini aýtdylar. Gadagançylygyň sebäpleri barada berlen sowala olar welaýatda işlär ýaly hiç kimiň galmandygyny aýtdylar. Siziň ähliňiz gitseňiz kim işlejek diýdiler" diýip, Azatlyga Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň özüni Şadurdyýew diýip tanadan 36 ýaşly ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagy üçin ýaşyna degişli habar berilýän bu nobatdaky çäklendirmeleri Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynda tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Aprel aýynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň ýaşy 30 ýetmedik türkmenistanlylary halkara reýslerine goýbermezlik planlary barada habar beripdi. Ondan öň ýurduň daşyna barýan zenanlaryň halkara reýslerinden düşürilýändigi barada maglumatlar gowuşypdy.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlarynyň ýaşyna, jynsyna we habar berilýän beýleki ýagdaýlaryna degişli gadagançylyklary ýurt resmileri agzamaýarlar, bu barda milli media serişdeleri habar bermeýärler.

Munuň bilen bir wagtda Azatlyk Radiosyna türkmenistanlylaryň daşary ýurda gitmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.

"Türkmenistandan göçüp gidip barýan ýakynlarym ýurtdan çykyp bilenoklar. Gartaşan adamlar çagalary we agtyklary bilen ýakynda türkmen-gazak serhedini awtoulagly kesip geçjek boldular. Olar serhediň açylmagyna garaşyp, bir gije gündizini yssyda iýmitsiz we suwsuz geçirdiler" diýip, Azatlygyň diňleýjileriniň biri gürrüň berdi we olaryň indi Özbegistanyň tranzit wizasyny edinip, Özbegistana gitmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň daşyna gidýän raýatlaryň resmi sany elýeterli däl. Emma ýerli synçylaryň sözlerine görä, ýurtdaky ykdysady krizisiň işsizlik, gymmatçylyk we azyk önümleriniň gytçylygy ýaly netijeleri zerarly migrasiýa, ilkinji nobatda-da zähmet migrasiýasy köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

"Migrasiýa sebäpli regionda emele gelen adam ýetmezçiligi oba hojalygynda däl-de, döwlet howpsuzlygynda duýulýan bolmaly. Soňky döwürde Türkiýä gidýän ene-atalar öz çagalaryny ýurtda kime galdyrjagyny bilmän öz ýanlary bilen köpçülikleýin äkidip başladylar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleriniň biri belledi. Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň köpçülikleýin migrasiýasynyň öňüni almak üçin, soňky iki ýylyň dowamynda ýokary klas okuwçylaryň mekdebini tamamlamagyna garaşmazdan, olaryň goşun gullugyna äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpelipdir.

"Ýokary klas okuwçylaryny maýyň başynda goşuna alyp başladylar. Howpsuzlyk gulluklary okuwçylaryň mekdebi tamamlandygy hakynda şahadatnamalaryny maşgalalaryna gowşurmagy we bu hakda gep-gürriňleriň bolmazlygyny mekdep müdirlerine berk tabşyrýarlar" diýip, türkmenistanly synçy belledi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagyna päsgel berilmegine, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda işleýän migrantlary öz ýurduna gaýtarmak üçin olaryň garyndaşlaryna basyş görkezmegine degişli wakalar barada yzygiderli habar gowuşýar. Indi Türkmenistana gaýdyp baran türkmen migrantlarynyň tussag edilýändigi Azatlyk Radiosyna 26-njy iýunda mälim boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG