Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçi daýhanlar mineral dökün, tehnika we suw ýetmezçiliginden şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty: Tigirli daýhan. Aşgabat, 24-nji mart, 2014

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda daýhanlar oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde döwletden zerur kömegi wagtynda alyp bilmeýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan welaýatlaryň ýerli ýaşaýjylary oba hojalyk pudagyndaky häzirki bärden gaýtmalar barada maglumat berdiler.

Читайте также на русском

“Şu ýylky gowaça hasyly üçin entägem mineral dökün berilmeýär. Iýul aýy ýakynlady, ýöne welin gowaça ýetişdirýän daşoguzly kärendeçiler kärende ýerlerine mineral dökünleri alyp bilmäni kösenýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.

Onuň sözlerine görä, şu günler Daşogzuň ähli etraplarynda hatar ara bejergi etmek üçin zerur bolan tehnikalar ýetmezçilik edýär. Welaýatyň çäginde kärendeçiler gowaça ekilen ýerlerini suwarmakda kynçylyklara duçar bolýarlar.

“Wagtyndan ir ekilen gowaçalar suwsap saralyp otyr. Gowaça 40 gün diýlende mineral dökün berlip, suwarylmaly. Häzir 70 günlük gowaçalaryň boýy bolup bilse 9-10 santimetr” diýip, daşoguzly agronom Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Daýhanlar bilen gürrüňdeş bolan habarçy welaýatyň çägindäki ýaplarda suwuň ýokdugyny, SSSR döwründen galan “nasozlaryň” çüýräp ýok bolandygyny aýtdy.

“Bar bolan [nasozlary-da] satyp iýdiler” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň aýdýandygyny sözüne goşdy.

Daşoguzyň oba ýerleriniň ýaşaýjylary munuň netijesinde, müňlerçe gektar ýeriň zaýalanyp, şonça-da hojalygyň ýerlerini taşlap, suwly ýerlere göçüp gidendigini Azatlygyň habarçylaryna aýdýarlar.

“Häzirki wagtda etraplardaky emeldarlar ýüzlerçe gektar ýerleri eýeläp, tehnika hyzmatlaryny, mineral dökünleri ilki öz kärende ýerlerine berýär. Şeýlelikde, ýönekeý kärendeçi daýhanlar her ýyl boş galýar. Welaýat etrap derejesindäki emeldarlar mineral dökünleri we tehnikalary kärendeçilere öz wagtynda bermän, raýatlaryň öz ygtyýaryna kärende ýerlerini tabşyrmaga mejbur edýärler. Emeldarlar ýerleri diňe öz gözegçiligine geçirmäge synanyşýarlar” diýip, onlarça kärendeçi daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýär.

Ol Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Lebap we Daşoguz welaýatlarynda soňky 35 ýylyň dowamynda zeýkeşleriň we ýaplaryň gazylmaýandygyny, munuň netijesinde ekerançylyk ýerleriniň şorap sandan çykýandygyny gürrüň berdi.

Ýurduň demirgazygynda ekerançylyk üçin zerur bolan suwarym suwlarynyň ýetmezçiligi barada mundan ozal-da dürli maglumatlar peýda bolupdy. Şeýle ýagdaýlaryň fonunda, 17-nji iýunda Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi ýurduň demirgazygynda eýýäm bugdaý ekilen meýdanlaryň bir toparynda bişmedik bugdaýyň orlup, ýerine gowaça ekilýändigini habar beripdi.

“Bugdaýlary bişmänkä orlan kärendeçiler şu ýylky suw ýetmezçiligi we wagtynda dökün berilmändigi sebäpli, bugdaý ekip girdeji almakdan geçen, bergili çykandyklaryny aýdýarlar” diýip, ynamdar çeşme aýtdy.

Türkmenistanda bugdaý, gowaça ekişleriniň, oragyň we pagta ýygymynyň wagty, kärendeçileriň ekmeli ekinleri, uzak ýyllardan bäri, gönüden-göni döwlet baştutany derejesinde kesgitlenilýär we plan dolmadyk ýagdaýynda aşakdaky ýolbaşçylara käýinç berilýär, käbir ýolbaşçylar wezipesinden boşadylýar.

Iýunyň başynda ýurduň parlamenti “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny maslahat etdi.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanly daýhanlaryň ençemesi ýurtda ekerançylygyň we maldarçylygyň ýagdaýynyň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny, “esasan ekinlere suw, mallara iým ýetmezçilik edýär” diýip gürrüň berýärler.

XS
SM
MD
LG