Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen Tramp 16-njy iýulda Helsinkide duşuşar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Putin bilen duşuşýar

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ilkinji sammitiň 16-nji iýulda Helsinki şäherinde geçiriljekdigini Kremliň aýdandygyny Orsýetiň maglumat agentlikleri habar berýär.

TASS habar agentliginiň maglumatyna görä, Kreml Putin bilen Trampyň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary, şol sanda halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdypdyr.

Bu duşuşygy Ak tam-da tassyklady: “Iki lider Birleşen Ştatlary bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklary we dürli milli howpsuzlyk meseleleri maslahat ederler” diýip, Ak tamyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Tramp 27-nji iýunda Waşingtonda habarçylaryň öňünde eden çykyşynda bu duşuşygyň 11-12 – nji iýulda geçiriljek özüniň gatnaşmaly NATO sammitinden soň bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Ol ilkinji gezek amala aşyryljak duşuşykda iki prezidentiň Ukrainany, Siriýany şeýle-de “başga-da köpsanly meseleleri” ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Sammit barada Trampyň 27-nji iýunda žurnalistleriň öňünde eden gysga çykyşy ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň Moskwada metbugat maslahatyny geçirip, onuň dowamynda sammitiň senesi we geçiriljek ýeri barada Ak tam bilen Kremliň 28-nji iýunda bilelikde maglumat berjekdigini aýan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Tramp özüniň 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda prezidenlik wezipesine girişmeginden bäri ilkinji gezek amala aşyryljak şeýle duşuşygyň Helsinkide geçirilmeginiň ahmaldygyny ýaňzytdy. Beýleki resmiler Kremliň agzalýan duşuşygy Wenada guramaga synanyşýandygyny mälim etdi.

Günüň birinji ýarymynda metbugatda çykyş eden Kremliň maslahatçysy Ýuriý Uşakow duşuşygyň taraplar üçin amatly üçünji bir ýurtda amala aşyrylmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Men ilkinji günden bäri aýdyp gelýärin; Orsýet bilen, Hytaý bilen, hemmeler bilen düşünişip ýaşamak örän gowy zat. Bu tutuş dünýä üçin gowy, özümiz üçin gowy, hemmeler üçin gowy” diýip, Tramp aýtdy.

Putin bilen geçiren duşuşygyndan soňra 27-nji iýunda metbugat maslahatyny geçiren Bolton Trampyň sammitde dürli meseleleri, şol sanda ABŞ-da geçirilen saýlawlarda Orsýetiň gatyşygy diýilýänini, Ukraindaky we Siriýadaky çaknyşyklar boýunça meseleleri gozgajakdygyny aýtdy. Saýlawlara gatyşygy Moskwa ret edip gelýär.

Bolton geçiren metbugat maslahatynda “aýratyn wajyp iki ýurduň baştutanlary bolan prezident Tramp bilen prezident Putin duşuşmagyň we özara meseleleri hem-de hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşmagyň wajypdygyna ynanýar” diýdi.

Bolton bilen geçiren duşuşygyndan ozal Putin öňki Sowuk urşuň garşydaşlarynyň arasyndaky häzirki gatnaşyklaryň has oňat derejede däldigine özüniň gynanýandygyny, ýöne taraplaryň arasyndaky çiginiň esasan “Birleşen Ştatlardaky içerki syýasy göreş” diýilýänden düýp alýandygyny aýtdy we oňşuksyzlar boýunça Trampy aýyplamaýandygyny ýaňzytdy.

“Meniň pikirimçe, prezident Trampyň prezident Putin bilen duşuşmagy geňlärlik ýagdaý däldir. Soňky bir ýylyň dowamynda geçirilen ýygnaklara ser salsaňyz, Birleşen Karollygyň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Finlýandiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň we Italiýanyň baştutanlarynyň ählisi prezident Putin bilen ikitaraplaýyn ýygnaklary geçirdiler” diýip, Bolton aýtdy.

Ukraina meselesinde Trampyň Orsýetiň Krym anneksiýasyny ykrar edip etmejekdigi barada berlen soraga “Ol Birleşen Ştatlaryň pozisiýasy däldir” diýip jogap berdi.

Ol Birleşen Ştatlaryň Krymyň basylyp alynmagy we gündogar Ukrainada seperatistleriň goldanmagy bilen bagly Orsýete garşy girizilen sanksiýalaryň öz güýjünde saklanmagyna ynanýandygyny aýtdy.

Ýöne ol Orsýetiň senagat taýdan ösen 7-ler toparyna täzeden kabul edilmegi bilen bagly Trampyň geçen aý Kanadada aýdan bellikleriniň Putin bilen geçiriljek duşuşykda täzeden gozgalmagynyň mümkindigini aýtdy.

Orsýet Ukraina gatyşyp, Krymy anneksiýa edensoň, ozal G8 diýlip tanalýan topardan çykarylypdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG