Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň özbek meselesi


Aşgabatda azyk dükanynyň öňünde nobata duran adamalar
Aşgabatda azyk dükanynyň öňünde nobata duran adamalar

Türkmen-özbek gatnaşyklary çalaja çaknyşýarmyka?

Golaýda Özbegistanyň döwlet telewideniýesi Türkmenistandaky gytçylyk barada reportaž taýýarlady. Bu ýerde şeýleräk bir ýagdaý bar, ýagny türkmen mediasy soňky birnäçe aýyň dowamynda ýurtdaky azyk-haryt ýetmezçiligi barada habar bermekden geçen, olar özbek mediasynda çykan habardan bir gün ozal ýurtda azyk bolçulygynyň göze ilýändigi barada maglumatlary çap etdi.

Читайте также на русском

Azyk-harytlardan pürepürlenen “Potemkin bazarlary” barada maglumat çap edip, aç halky doýrup bolýandygyna ynanmak geň ýagdaýdyr.

Ýöne 20-nji iýunda türkmen hökümetine ýakyn websaýt: “Söwda merkezlerindäki azyk-harytlardan doly tekjeler ýurdumyzdaky bolçulyga şaýatlyk edýär” diýip, maglumat çap etdi.

Özbegistanda kimdir biri türkmen häkimiýetleriniň ugradan elektron hatyndan gapyl galan bolmaly. 21-nji iýunda Özbegistanyň üç telewizion kanaly, şol sanda “Ýoşlar TW” Türkmenistanyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky çörek gytçylygy barada, şeýle-de ýurtdaky uzyn çörek nobatlary hakda taýýarlanan reportažy efire berdi.

“Türkmen halky ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär” diýip, maglumatda aýdylýar.

Demirgazyk Türkmenistanda “Ýoşlar” kanaly tutýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ilat arasynda Azatlyk diýlip tanalýan Türkmen gullugy eýýäm iki ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda barha ýitileşýän azyk haryt ýetmezçiligi barada habar berip gelýär. Görnüşinden, ýurtda azyk-haryt bar ýaly, ýöne olaryň bahalary ilata elýeterli däl.

Döwlet mundan ozal un, şeker we ösümlik ýagy ýaly esasy azyk harytlar boýunça käbir ýeňillikleri döredipdi, ýöne häzirki wagtda Türkmenistan 27 ýyllyk garaşsyzlygynyň ykdysady taýdan iň agyr günlerini başdan geçirýär.

Azatlyk golaýda Mary welaýatynda agramy 45 kilogramlyk 1 halta unuň bahasynyň 200 manada durýandygyny habar berdi. Dollaryň resmi kursundan, ýagny 3.5 manatdan hasaplananda bu 57 dollara barabar bolýar. Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 50 %-den ýokarydygy çak edilýär.

Azatlyk we beýleki media gulluklary Türkmenistandaky kynçylyklar barada maglumat taýýarlap gelýär.

Ýöne Özbegistanyň döwlet telewideniýesiniň näme sebäpden şeýle maglumat çap edendigi nämälimliginde galýar. Iki ýurduň hökümetleri 2006-njy ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet başyna geçmegi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýupdy. Aslynda, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda prezidentlige saýlanmagyndan ozal, Merkezi Aziýada Özbegistan diňe Türkmenistan bilen oňuşýardy.

Beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň özbek mediasynda ýaýradylan maglumatdan başga-da bir özbek meselesi bolmagy mümkin.

Özbek telewideniýesinde efire berlen reportažyň öňýany Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna Türkmenabatda ýaşaýan bir etniki özbekden hat gelip gowuşýar. Biz hatyň awtorynyň adyny aýan edip bilmeris, sebäbi ol hat awtoryny türkmen türmesine ugradyp biler.

Hatyň awtory “Türkmenistanda ykdysady krizisiň durmuşyň ähli pudagynda ýiti duýulýandygyny” aýdýar. Şol bir wagtyň özünde awtor ýurtdaky azlyklaryň, hususan-da özbekleriň “resmi tireler bilen milleti türkmen bolmadyk adamlaryň arasyndaky milletparaz ideologiýa göreşiniň” pidasy bolýandygyny aýtdy.

Ol sözüne dowam edip: “Mundan ozal olar biziň bilim alýan dilimizi saýlamakda, şeýle-de gyzlarymyzyň lybaslary, erkelerimiziň tahýalary boýunça öz kararlarymyza rugsat bererdiler. Ýöne, indi olar biziň daşary ýurtda bilim alýan öz bala-çagalarymyza goýberjek maliýe serişdelerimiziň möçberini kesgitleýärler. Olar biziň tomaşa etmeli kanallarymyzy kesgitleýärler” diýdi.

Ol haçan-da aprel aýynda Berdimuhamedow Özbegistana sapar edeninde Türkmenistandaky özbekleriň resmi saparyň dowamynda bu problemalaryň käbiri çözüler diýip umyt edendiklerini aýtdy.

“Ýöne, hiç zat bolmady. Biz bizden, ýagny Türkmenistandaky özbek doganlaryndan habarly bolar ýaly resmi Daşkende nädip çykjagymyzy bilemizok” diýip, hatyň awtory ýazýar.

Bu ssenariýa Özbegistanyň Merkezi Aziýaly goňşulary üçin garabasan ýalydyr.

Özbek hökümeti hiç haçan Merkezi Aziýaly goňşularynda ýaşaýan özbek diasporasyna o diýen gyzyklanma bildirmedi, ýöne özbek diasporasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Gazagystandan daşary hemmesinde iň uly azlyk toparlaryny düzýär. Türkmenistanda ýaşaýan özbekleriň takyk sany barada ynamdar maglumat ýok, ýöne Türkmenistanyň ilatynyň 10 %-den sähel az bölegi etniki özbeklerden ybaratdyr. Bu san Gyrgyzystanda we Täjigistanda 15 %-dir.

Ýöne 1991-nji ýylda Merkezi Aziýada ýerleşýän respublikalara garaşsyzlyk berlende, regionda iň köp ilatly Özbegistan goňşy ýurtlarda ýaşaýan etniki doganlary bilen ýygy gatnaşyk saklar öýdülip gorkulypdy.

Merkezi Aziýanyň araçäkleri henizem doly çözülmedi. Etniki özbekler Özbegistanyň serhedine golaý sebitlerde ýaşamaga ýykgyn edýärler.

Özbegistanyň döwlet telewideniýesi entek Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň duçar bolýan kyknçylyklary barada maglumat bermedi. Ýöne ol Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar barada-da reportaž taýýarlar öýdülmändi.

Mirziýoýew özüniň dünýäden ýarym üzňe halkyny üzňelikden halas etmek üçin edýän tagallalary sebäpli hem Özbegistanda hem-de halkara arenada henizem meşhurlygyny ýitirenok. Eger-de ol haçan-da bolsa bir wagt meşhurylygyny ýitirip agyr güne duçar bolsa, goňşy döwletlerde ýaşaýan özbekleriň ýagdaýy oňa ünsi sowmaga kömek eder.

Makalada agzalan pikir-garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG