Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işsizlik we gymmatçylyk ogrulyk hadysalarynyň ‘artmagyna getirýär’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda işsizligiň artmagy, azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň aşa ýokarlanmagy ilatyň sosial taýdan goraglylygynyň pese gaçýandygyny äşgär görkezýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, ilatyň sosial taýdan goraglylygynyň peselmegi ýurtda ogrulygyň artmagyna getiripdir.

Şu ýylyň 4-nji iýunynda gündiziň güni öýlän sagat 17:00 töweregi Aşgabadyň Parahat 7/1 etrapçasynyň 19-njy jaýynyň gündogar ýüzünde ötegçiniň biri iki sany ýaş oglanyň jaýyň birinji gatyna degişli, ýerde gurnalyp goýlan split sistemaly kondisioneriň “agregatyny” onuň “şlangasyndan” kesip alyp, ony göterip barýandyklaryna şaýat bolupdyr. Ogrulygyň üstüniň açylandygyny aňan ýaş ýigitler kondisioneriň “agregatyny” taşlap gaçyp gidipdirler.

Ýöne Aşgabat şäheriniň Berkararalyk etrap polisiýa bölümine ýüz tutulan halatynda hem beýle ogrulyklaryň üstüniň açylmandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýatladyp geçsek, 2014-nji ýylyň awgust aýynda Parahat 7-niň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan split sistemalary mejbury gopardylyp aýrylypdy. Şonda jaýyň birinji gatynda ýaşaýan ýaşaýjylar öz split sistemalaryny ýerde gurnamaga mejbur bolupdylar.

Bu wakanyň ýüz bermegi bilen, öz ýerde gurnan split sistemalarynyň ogurlanmagyndan ätiýaç edýän ýaşaýjylaryň käbirleri özleriniň gijesi bilen arkaýyn uklap bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Oba ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä obalarda mal ogrulygy hem ýüz berip ugrapdyr. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Ogulbike daýza towuk keteginden gije 4 sany induk horazynyň alnandygyny aýdýar.

Çagalary ekläp oturan barja malymyz 20 sany towuk bilen 15 sany induk horazydy. Et satyn almaga ýagdaýymyz bolmansoň, mellekdäki otumyz bilen induklarmyzy, towuklarmyzy bakyp, induk horazlarymyzyň eti, towuklaryň ýumurtgasy bilen çagalary iýmitlendirýärdik.

“Çagalaryň iki aý iýjek etini ogurlap gidipdirler. Adamlarda indi ne ynsap, ne-de utanç galdy. ‘Ýurdy belet çapar’ diýilýär, ogry daşdan gelen däldir. Bu etmişler obadaky işsiz erkeklerden çykýandyr” diýip, Ogulbike daýza obalarda daşarda indi süzme haltasyny hem asyp goýup bolmaýandygyny aýdýar.

“Gije daşarda asylgy duran süzmeli haltalary-da gije ogurlap gidýärler. Towuk ketegiňde towugyň duranok. Hälem iri malymyz ýok, gapysyndan sygryny ogurladan adamlar hem bar” diýip, ol Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG