Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler pensiýa çykmak ýaşynyň ýokarlandyrylmagyna garşy protest bildirýärler


Rus protestçileri. Nowosibirsk, 26-njy iýun, 2018 ý.
Rus protestçileri. Nowosibirsk, 26-njy iýun, 2018 ý.

Orsýetiň çar künjeginde müňlerçe adam hökümetiň pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak planlaryna garşy protest ýörişlerine çykdy.

Kärdeşler arkalaşyklary, syýasy partiýalar we oppozisiýadaky syýasatçy Alekseý Nawalny orsýetlileri 1-nji iýulda erkekler üçin pensiýa çykmak ýaşynyň 60-dan 65-e, aýallar üçin 55-den 63-e galdyrylmak planyna garşy demonstrasiýa çykmaga çagyrdy.

Ýakyn Gündogaryň Wladiwastok, Habarowsk, Amur boýundaky Komsomolsk, şeýle-de Sibiriň Omsk, Orenburg we Uralsk şäherlerinde protest toparlanyşyklarynyň bolandygy habar berildi.

1-nji iýulda Orsýetiň Ýewreý awtonom regionynyň paýtagty Birobižanda 500-den gowrak adam proteste toplandy. Olar “Aç pensioner döwletiň utanjy” we “Pensiýa çykmakaň öl” diýen şygarlary göterip çykdylar.

Birobižanyň Lenin skwerinde bolan protest ýygnanyşygyna gatnaşyjylar häkimiýetleri pensiýa reformasy baradaky kanun taslamasyny goýbolsun etmäge, benziniň bahasyny galdyrmak planyny duruzmaga, goşmaça gymmat salgydyny ýokarlandyrmazlyga çagyrdylar.

Rus hökümeti 16-njy iýunda pensiýa çykmak ýaşyny erkekler üçin 2028-nji ýyla çenli 60-dan 65-e, aýallar üçin 2034-nji ýyla çenli 55-den 63-e çenli galdyrmak baradaky kanun taslamasyny tabşyrdy.

Pensiýa ýaşy 2019-njy ýyldan başlap, ýuwaş-ýuwaşdan ýokarlandyrylar.

Günbatar Orsýetde günüň dowamynda has köp protestleriň guralmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG