Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda sikhlar we hindiler öldürilen ildeşlerini hatyraladylar


Owganystanda hindi we sikh jemgyýetleriniň wekilleri öldürilen ildeşlerini jaýlaýarlar. 2-nji iýul, 2018 ý.

Owganystanda azlyk bolup ýaşaýan hindi we sikh jemgyýetleriniň wekilleri Jalalabatda, janyndan geçeniň hüjümi netijesinde heläk bolan, 17 ildeşiniň hatyrasyny tutdular.

Öldürilenleriň arasynda jemgyýetleriň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda ýurtdaky sikhlaryň lideri Awtar Singh Khalsa hem bardy. Olar prezident Aşraf Ghani bilen duşuşmaga barýan pursatlary, ýolda öldürilipdi.

“Biziň bu ýurtda ýaşamaga eýýäm sabyr-takatymyz ýok” diýip, hindi we sikh jemgyýetleriniň milli paneliniň sekretary Tejwir Singh aýtdy. Janyndan geçeniň hüjüminde onuň daýysy hem heläk bolupdy. “Yslamçy terroristler biziň dinimize garşy çykýarlar. Biz owganlar. Hökümet bizi ykrar edýär. Emma, terroristler ‘siz musulman däl’ diýip, bize hüjüm edýärler” diýip, Tejwir sözüne goşdy.

Bombaly hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremistik topary öz üstünde aldy.

Owganystanda hindi we sikh jemgyýetlerine onlarça ýylyň dowamynda yslamçy ekstremistler tarapyndan hüjüm edilip gelinýär. 1970-nji ýylda olaryň sany 80 müň töweregi bolan bolsa, häzir bu görkeziji müňe golaýlaýar.

XS
SM
MD
LG