Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-ly kongresmenler Moskwa sapar edýärler


Russiýa sapar edýän ABŞ-nyň kongresmenleri.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan kongresmenleriň, 16-njy iýulda geçmeli sammitiň öňüsyrasynda Russiýa sapar bilen gelmegi, “wagt taýdan ýerlikli” bolandygyny, şeýle-de iki ýurduň kanunçykaryjylarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürjekdigini aýtdy.

Şu hepde ABŞ-nyň kongresmenleri Russiýa sapar edýärler. Olar iki ýurduň, soňky döwür dartgynlaşan, gatnaşyklaryny ösdürmäge we dört ýyl mundan ozal Moskwa girizilen sanksiýalaryň rus ykdysadyýetine ýetiren täsirini synlamaga gelendiklerini mälim etdiler.

Olar sişenbe güni Lawrow bilen duşuşdylar.

ABŞ-ly kanunçykaryjylar Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky ilçisi Jon Huntsman tarapyndan çagyryldy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow prezident Wladimir Putiniň ABŞ-ly kanunçykaryjylar bilen duşuşmak planlarynyň ýokdugyny aýtdy.

16-njy iýulda Helsinkide prezident Donald Tramp özüniň russiýaly kärdeşi Putin bilen özleriniň ilkinji sammitini geçirerler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG