Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni tüçjar syýasatçysynyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy tussag edildi


Gagik Tsarukiýan.

Ermeni tüçjary we syýasatçysy Gagik Tsarukiýanyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy tussag edildi. Bu barada Ermenistanyň Derňew edarasy maglumat berdi.

Sona Truziýanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Eduard Babaýan adamyň saglygyna bilkastlaýyndan agyr şikesleri ýetirmekde aýyplanýar. Mundan başga, goşmaça maglumat berilmedi.

Tsarukiýan Gülleýän Ermenistan partiýasynyň we parlamentdäki Tsarukiýan blogunyň lideridir.

Mundan bir hepde töweregi ozal, Ermenistanda ýurduň ozalky prezidenti Serž Sarkisýanyň howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy tussag edilipdi.

Waçagan Ghazariýan 25-nji maýda bankdan 1 million dollary nagt görnüşde çykaryp barýan pursady polisiýa tarapyndan saklandy.

Ermenistanyň Ýörite Derňew Gullugy Ghazariýanyň bikanun baýamakda, şeýle-de emläkleri we uly mukdardaky maliýe serişdeleri barada salgyt gullugyna maglumat bermezlikde aýyplanýandygyny mälim etdi.

Şol günüň dowamynda, Sarkisýanyň dogany Lewon Sarkisýana we onuň iki ogluna garşy hem korrupsiýa aýyplamalary esasynda derňew işiniň açylandygy mälim edildi. Kanun goraýjy edaralar olaryň ermeni banklarynda umumy hasap bilen 7 million dollar möçberinde maliýe serişdeleriniň bardygyny anykladylar.

Ermenistana 10 ýyllap prezidentlik eden Sarkisýan apreliň ortalaryna ygtyýarlyklary artdyrylan premýer-ministr wezipesine saýlanypdy. Emma, oppozisiýa syýasatçysy Nikola Paşiniýanyň ýolbaşçylygyndaky parahat köçe protestleriniň netijesinde ol wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy. 8-nji maýda Paşiniýan premýer-ministr saýlandy.

XS
SM
MD
LG