Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň 25 türkmen serhetçisiniň ölümi baradaky habaryndan soň, hökümetçi saýt dessine reaksiýa görkezdi


Türkmen serhetçileri owgan serhedine golaý geçirilen türgenleşige gatnaşýar (illýustrasiýa suraty)
Türkmen serhetçileri owgan serhedine golaý geçirilen türgenleşige gatnaşýar (illýustrasiýa suraty)

Düýn Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky habarçysyna salgylanyp, Owganystanyň Badgys welaýaty bilen araçäkleşýän Mary – Serhetabat (ozalky Guşgy) – Tagtabazar türkmen serhedinde ýüze çykan atyşykda 25-e golaý türkmen esgeriniň wepat bolandygynyň aýdylýandygyny habar berdi.

Читайте также на русском

Bu habaryň Azatlygyň saýtynda çap edilmeginden takmynan 3 sagat geçenden soň, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan bir websaýt serhetde bolan hadysany dessine ret edip, juda operatiw reaksiýa görkezdi.

Turkmenportal.com” saýty habaryň Azatlykda çap edilmeginiň edil yzýany, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekili diýilýäne salgylanyp, ony “Türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar asudalygynda galýar” diýip sitirledi.

Habarda aýdylmagyna görä, hökümete ýakyn websaýt bary-ýogy üç sagadyň dowamynda hem serhetabatlylar bilen, hem tagtabazarlylar bilen gürrüňdeş boldy.

Habarda marçakly bir weterinaryň, Serhetabadyň Harby hassahanasyndaky bir hirurgyň, serhetabatly bir çopanyň sözlerine salgylanylyp, olaryň ählisi “serhet asuda” diýip sitirlenýär.

Azatlygyň habarçysy düýnki maglumatynda “Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna waka barada hiç ýerde dil ýarmazlygy tabşyrypdyr” diýip, belläp geçipdi.

Görnüşinden, türkmen häkimiýetleri üçin bolandygy aýdylýan pajygaly hadysa baradaky maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak has wajyp bolup durýar.

Ýatladyp geçsek, düýn Azatlykda türkmen – owgan serhedinde ýüze çykan çaknyşykda onlarça türkmen esgeriniň wepat bolandygy barada maglumat çap edildi.

“Ölen esgerleriň üç sanysy balkanly, aglabasy daşoguzly bolup, olaryň jesetleri maşgalalaryna gowşuryldy” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy belledi we wepat bolan serhetçileriň hataryndaky daşoguzlylaryň at familiýalarynyň we salgylarynyň özünde bardygyny aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ilki owgan tarapyndan neşe söwdasy bilen meşgullanýandyklary öňe sürülýän toparlar türkmen harbylarynyň üstüne ot açýar.

“Serhediň owgan tarapyndan bikanun neşe gaçakçylary [diýilýänler] ilki 3 türkmen esgerini atyp öldürýär. Soňra serhet garnizonyndaky harbylar howsala yglan edýär we atyşyk başlaýar. 6 sagat dowam eden atyşykda onlarça türkmen esgeri ýaralanyp, 25 töweregi esger neşe söwdegärleri [diýilýänler] tarapyndan atylyp öldürilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady hususan-da demirgazyk – günbatar Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň has ýaramazlygynda galýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hadysanyň bolan ýerinde, ýagny Badgys welaýatynda howpsuzlyk ýagdaýlary juda ýaramaz bolup, bu welaýatda neşe gaçakçylarynyň hem hereket edýändigi aýdylýar.

Kabuldaky habarçy resmileriň sözlerine salgylanyp, regionda hereket edýän jeňçi toparlaryň neşe gaçakçylary bilen hyzmatdaşlyk edýändikleriniň aýdylýandygy barada maglumat berdi.

“Jeňçiler bilen neşe kontrabandaçylarynyň hyzmatdaşlyk edýändigi barada ýerli resmiler maglumat berýär. Mysal üçin, neşe gaçakçylygyndan, neşe önüminden jeňçiler salgyt alýar. Olar neşe söwdasyndan salgyt alyp, [kontrabandaçylara] goňşy ýurtlara neşe geçirmäge pursat döredýärler diýip maglumat berilýär” diýip, Myrady belledi.

Azatlygyň Kabuldaky habarçysy resmilere salgylanyp, günorta – günbatar Owganystanda 20-den köp ýaragly jeňçi toparlaryň hereket edýändigini sözüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri türkmen-owgan araçäginde turan çaknyşykda wepat bolandygy öňe sürülýän türkmen esgerleri barada resmi beýanat ýaýratmady.

Azatlygyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrday owgan resmileriniň hem öňe sürülýän hadysa barada resmi maglumat ýaýratmandygyny belledi.

Ýatlasak, mundan ozal 2014-nji ýylyň fewral aýynda türkmen – owgan serhedinde çaknyşyk bolup, üç türkmen esgeri wepat bolupdy. Soňra şol ýylyň maý aýynda ýene-de şuňa meňzeş ölümçilikli wakanyň ýüze çykmagynyň yzýany Kabula eden saparynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow owgan hökümetinden serhetde asudalygy saklamak üçin çäre görülmegini sorapdy.

Galyberse-de, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty 2016-njy ýylyň maý aýynda türkmen-owgan serhedinde bolan atyşyklarda 27 sany türkmen esgeriniň öldürilendigini habar berdi.

2017-nji ýylyň iýul aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, Eýranyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň birleşýän çatrygynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň araçäginiň uzynlygy 744 kilometrdir.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan goňşusynyň üstünden Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçirijisi arkaly daşary ýurtlara gaz eksport etmegi göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG