Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropaly kanun çykaryjylar Bakuwdan adam hukuklaryny hormatlamagy talap edýär


Ýewropa parlamentiniň hasabatçysy Norika Nikkolaý prezident Ylham Alyýew bilen gürleşýär. Baku, 27-nji aprel, 2018

Kanun çykaryjylar adam hukuklary meselesinde progres bolmasa, täze ÝB-Azerbaýjan ylalaşygynyň bolmajakdygyny aýdýarlar.

Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin birnäçe şert goýdy, şol sanda Günorta kawkaz ýurdunda esasy azatlyklaryň berjaý edilmegini hem talap etdi.

Kanun çykaryjylaryň täze ÝB-Azerbaýjan “köptaraply ylalaşygynyň” üstünde işleýän araçylara rekomendasiýlary 4-nji iýulda Strasburgda guralan sessiýada 564 sesiň goldamagynda, 69 sesiň garşylygynda we 47 sesiň saklanmagynda kabul edildi.

Parlament “Azerbaýjanda bolup geçýän wakalara örän ünsli bolmagynda galar we men demokratik standartlaryň gazanylmagy nukdaý nazaryndan zerur bolan öňegidişligi üpjün etmek üçin bilelikde işleşip biljegimize umyt baglaýaryn” diýip, Ýewropa parlamentiniň hasabatçysy, rumyniýaly Norika Nikolaý (Norica Nicolai) aýtdy.

ÝB bilen nebit-gaza baý ýurduň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça täze şertnamanyň gepleşikleri 2017-nji ýylyň fewralynda başlandy. Bu şertnama 1999-njy ýylda güýje giren Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ornuny alar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG