Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul demirgazykdaky dartgynlylygy gowşatmak üçin delegasiýa ýollady


Etrap polisiýa başlygy Nizamuddin Kaýsariniň tussag edilmegi netijesinde, Farýabyň merkezi Maýmana şäherinde gazaply protestler ýüze çykdy.

Owgan hökümeti ýurduň demirgazyk Farýap welaýatynda täsirli harby kommandiriniň tussag edilmegi sebäpli dörän dartgynlylygy gowşatmak üçin, sebite ýörite delegasiýany ýollady.

Etrap polisiýa başlygy Nizamuddin Kaýsariniň tussag edilmegi netijesinde, welaýatyň merkezi Maýmana şäherinde gazaply protestler ýüze çykdy. Wakada azyndan bir demonstrant öldi, başga-da sekizsi ýaralandy.

Delegasiýanyň wekilleri sebitiň ýerli taýpa ýaşululary, graždan aktiwistleri, dini liderleri bilen duşuşdylar.

Resmileriň maglumatyna görä, taýpa ýaşululary protestleri togtatmaga razy bolupdyrlar.

Emma, ýerli media Farýabyň Andkoý etrabynda Kaýsariniň azat edilmegini talap edip, protestleriň dowam edýändigini habar berdi. Demonstrantlar möhüm magistral ýoluny hem petikläpdirler.

Protestler Owganystanyň Jöwüzjan, Badahşan we Takhar welaýatlarynda hem geçirildi.

XS
SM
MD
LG