ABŞ-nyň Ýerewandaky ilçisi Ermenistanyň syýasy durmuşyndaky soňky özgerişler ýurda täze söwda mümkinçiliklerini we has köp sermaýalary çekmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
“Ermenistanyň taryhyndaky bu täze sahypa ABŞ-nyň biznesmenleriniň arasynda uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn” diýip, Riçard Mills çykyş etdi.
Mundan iki aý ozal, syýasatçy we aktiwist Nikol Paşiniýanyň ýolbaşçylygyndaky, geçirilen parahat köçe protestleriniň netijesinde, ýurdy uzak ýyllap dolandyran Serž Sarkisiýan häkimiýetden çekilipdi.
Ýurtda giň ýaýran korrupsiýa garşy göreşmegi söz beren Paşiniýan, 8-nji maýda ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlanypdy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.