Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada Eýran we dünýäniň iri döwletleri Ýadro ylalaşygy bilen baglylykda duşuşýarlar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Wenada 2015-nji ýyldaky Tähranyň Ýadro ylalaşygy bilen baglylykda, Eýranyň, şol sanda oňa gol goýan we onuň şertleriniň saklanyp galmagynyň tarapynda çykyş edýän döwletleriň, ýagny Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň daşary işer ministrleri duşuşmaly.

Mundan iki aý ozal, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz ýurdunyň bu ylalaşykdan çykýandygyny we Eýrana garşy sanksiýalaryň giriziljekdigini yglan edipdi.

Mundan öň, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Fransiýanyň we Germaniýanyň liderlerine ýüzlenip, Ýewropanyň ABŞ-nyň sanksiýalaryna jogap hökmünde taýýarlan ykdysady çäreleriniň ýeterlik däldigini aýtdy diýip, Eýranyň habar serişdeleri maglumat beripdi.

Rohani Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde “göz öňünde tutulýan çäreler biziň ähli talaplarymyzy kanagatlandyrmaýar” diýipdir.

XS
SM
MD
LG