Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

The Economist: Türkmenistanyň Germaniýadaky banklarda 23 milliard dollary bar, bank hasaplaryň eýeleri nämälim


Türkmenistanyň täze aeroporty (Illýustrasiýa suraty)

Beýik Britaniýanyň abraýly neşirlerinden “The Economist” gazetinde “Turkmenazuella, ýa-da Türkmenistan halkyň köpçülikleýin ýurdy terk etmegine ‘aýaýyp’ çözgüt tapdy” ady bilen düýn çap edilen makalada Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis we ýurdy terk edip, daşary ýurtlardan haraý gözelýän türkmenistanlylar barada gürrüň edilýär.

Читайте также на русском

“Häkimiýetler halkyň köpçülikleýin ýurdy terk etmegine garşy şeýle bir çykgynsyz çemeleşýär. Olar ildeşleriniň uçara münmeklerine böwet bolýar” diýip, “The Economist” gazetiniň Günorta Ýewropa boýunça analisti Maksimillien Lambertson belleýär.

“Apreliň ortasynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy ýurduň raýatlarynyň arkaýyn Türkmenistandan çykyp bilýändikleri barada beýanat ýaýratdy. Bu jarnama 30 ýaşyny doldurmadyk raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagyna gadagançylyk girizilýändigi barada peýda bolan habarlaryň yzýanyna gabat geldi” diýip, makalanyň awtory aýdýar.

Ýöne golaýda Azatlyk Radiosynda mundan beýläk 40 ýaşyny doldurmadyk adamlaryň ýurtdan çykarylmaýandyklary barada täze habar çap edildi.

“Türkmenistan göräýmäge baý ýurt bolaýmaly. Ol gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar we özüniň-de bary ýogy 5 millionlyk ilaty bar” diýip, awtor belleýär.

Makalada Türkmenistanyň Orsýet we Eýran bilen edýän gaz söwdasynda çigniň döremegi bilen, ýurduň öz mawy ýangyjyny eksport etmekde diňe Hytaýa garaşly galandygy, ýöne ondan gelýän girdejileriň-de aglaba böleginiň Türkmenistanyň Hytaýdan alan karzynyň öwezini doldurýandygy agzalyp geçilýär. Şeýle-de onda bergiden galan pullaryň “dereksiz gurluşyklara” sarp edilýändigi bellenip geçilýär.

Ýöne “The Economist” gazetinde çap edilen makalada, belki-de agzalanlaryň hemmesinden has gyzykly bir maglumatyň üsti açylýar. Ýagny, onda Türkmenistanyň Germaniýanyň banklarynda 23 milliard dollarynyň bardygy, ýöne Halkara hasaplaşyk bankynyň maglumat bazasynda ol pullaryň eýesiniň aýan edilmeýändigi agzalyp geçilýär.

Ýatlasak, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 2016-njy ýylyň awgust aýynda Germaniýa sapar edipdi. Galyberse-de, “Hronika Türkmenistan” neşiri halkara uçar gatnawlaryny synlaýan flightradar24.com saýtyna salgylanyp, geçen aýyň dowamynda türkmen prezidentiniň uçarynyň Germaniýa azyndan üç gezek sapar edendigi barada maglumat berdi.

“The Economist” Türkmenistanyň Germaniýanyň banklarynda “ýatan” milliardlap dollarlaryna garamazdan, ýurtda ykdysady krisiň höküm sürýändigini belleýär. Munuň netijesinde, ýurtda halkara pul geçirimleri bilen bagly çäklendirmeleriň girizilýändigi, walýuta gözegçiliginiň güýçlendirilýändigi bellenip geçilýär.

Makalada Reuters habar agentliginiň Türkmenistanda daşary ýurtly kompaniýalaryň nagt ýetmezçiliginden kösenýändigi barada iýun aýynda taýýarlan maglumatyna salgylanylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis sebäpli halkyň duçar bolýan gündelik kynçylyklary barada ýerli çeşmelerine salgylanyp, degişli maglumatlary halka ýetirip gelýär.

Beýik Britaniýanyň “The Economist” gazetine aýakdaş Germaniýanyň “Deutsche Welle” media kompaniýasy hem türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurda çykmak isleýän zähmet migrantlarynyň ýoluny petikleýändigi barada 5-nji iýulda maglumat çap etdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdeleri agzalýan meseleler dogrusynda maglumat bermeýär.

Ýurduň syýasy durmuşyny yzarlaýan halkara synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG