Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda tans wideolaryny instagramda çap eden ýaş gyz tussag edildi


Maedeh Hojabri

Eýran öz instagram sahypasynda tans wideolaryny çap eden we 40 müňden gowrak eýerijisi bolan ýaş gyzy tussag etdi.

Döwlet telewideniýesi golaýda 18 ýa 19 ýaşynda diýip bilinýän Maedeh Hojabriniň ahlak normalaryny bozandygyny boýan alýan, emma özgeleri özünden görelde almaga çagyrmandygyny aýdyp aýak depýän wideo ýazgysyny efire berdi. Wideoda onuň ýüz keşbi solgunlaşdyrylyp görkezildi.

Şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda özüni wideo ýazgy eden ýene birnäçe adam tussag edildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi şular ýaly toba etdirilýän wideolary efire bermekde ýakasyny tanatdy we hukuk goraýjy aktiwistler bu wideo tobalarynyň zorluk-sütem bilen etdirilýändigini aýdýarlar.

Eýranyň yslam kanuny jemgyýetçilikde tans etmegi gadagan edýär.

Hojabri günbataryň pop we rap sazlaryna tans edýän onlarça suratyny we wideosyny öz instagram hasabynda çap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG