Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Horwatiýanyň futbol toparynyň tälimçisiniň kömekçisi “Ukraina şöhrat!” wideo sebäpli çetleşdirildi


Ognýen Wukoýewiç

Horwatiýanyň futbol federasiýasy ýurduň ýygyndy toparynyň tälimçisiniň kömekçisini wezipesinden boşatdy.

Ognýen Wukoýewiçiň çetleşdirilmegi Dünýä çempionatynda horwatlaryň Russiýany ýeňmeginden soň, oýunçylaryň biriniň wideo ýazgyda “Ukraina şöhrat!” diýip, gygyrmagy bilen baglylykda dörän dawa bilen ilteşiklidir.

Ýeňişden soň Wukoýewiç horwatlaryň hüjümçisi Domagož Wida bilen birlikde wideo ýazgy edipdiler. Olaryň ikisi hem ozal Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” toparynda oýnapdylar.

“Horwatiýanyň Futbol federasiýasy horwat delegasiýasynyň bir agzasynyň hereketleri üçin rus jemgyýetinden ötünç soraýar. Ognýen Wukoýewiç we Domagož Wida hem öz beýanatlary üçin ötünç soraýarlar. Olaryň muny syýasylaşdyrmak niýeti ýokdy. Emma, gynansak-da bu şeýle garşylandy” diýip, Federasiýanyň beýanatynda aýdylýar.

Wideo Russiýada nägilelik bilen garşylandy. FIFA hem munuň bilen baglylykda, derňew geçirdi.

Käbir rus syýasatçylary “Ukraina şöhrat!” şygarynyň syýasy manysynyň bardygyny aýdyp, munuň FIFA-nyň düzgünlerine ters gelýändigini aýtdylar.

FIFA Wukoýewiçe 15 müň dollar möçberinde jerime salynandygyny we Wida duýduryşyň berlendigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG