Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Jalalabatda janyndan geçeniň hüjüminde azyndan 10 adam öldi


Partlamanyň netijesinde dörän ýangyn golaýdaky dükanlara we ulaglara zeper ýetirdi.

Owganystanyň Jalalabat şäherinde howpsuzlyk barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjümiň netijesinde azyndan 10 adam öldi.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, hüjümde parahat ilatdan sekiz adam we iki polisiýa işgäri heläk bolupdyr.

Partlamanyň netijesinde dörän ýangyn golaýdaky dükanlara we ulaglara zeper ýetirdi.

Hüjümde dört adamyň hem ýaralanandygy aýdylýar.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG