Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp NATO agzalarynyň adatdan daşary duşuşykdan soň goranyş harajatlaryny artdyrmaga razy bolandyklaryny aýdýar


ABŞ-nyň pezidenti Donald Tramp metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 12-nji iýul, Brýussel.
ABŞ-nyň pezidenti Donald Tramp metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 12-nji iýul, Brýussel.

ABŞ-nyň pezidenti Donald Tramp 12-nji iýulda Brýusselde geçýän NATO sammitinde ýaran döwletleri berk tankyt edeninden soň, Tramp we NATO-nyň beýleki ýurtlarynyň liderleri özleriniň goranyş üçin çykarýan harajatlaryny köpeltmek barada ylalaşyga geldiler.

NATO-nyň ýaranlarynyň 12-nji iýulda geçirilen planlaşdyrylmadyk adatdan daşary duşuşygynda Tramp NATO ýurtlarynyň birnäçe ýaranynyň öz jemi içerki önümleriniň 2 prosentini haýdan-haý goranyşa harçlamaga razy bolandygyny aýrdy. NATO ýaranlary 2014-nji ýylda jemi içerki önümiň 2 prosentini goranyşa harçlamak talaby 2024-nji ýylyň aýagynda ýerine ýetirmegi wada beripdiler.

Tramp degişlilikde örän az ýyllaryň çäginde NATO-nyň ýaranlarynyň goranyşa goşmaça 33 milliard dollar harçlajakdyklaryny aýtdy.

Adatdan daşary duşuşyk netijesinde, Tramp indi NATO-nyň “has jebisleşendigini, örän güýçlüdigini we problemasynyň ýokdugyny” aýtdy.

German kensleri Angela Merkel ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen duşuşykdan soň oňa gatnaşan ýaranlaryň ählisiniň “NATO babatynda açyk ygrarlylyk” görkezendigini aýtdy.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron NATO agzalarynyň üýtgeýän howpsuzlyk şertlerini nazara alyp, has kän hyzmatdaşlyga razy bolandyklaryny belledi.

Adatdan daşary duşuşyk Trampyň NATO ýaranlaryny goranyşa harçlaýan harajatlary babatda gaýtadan tankytlamagy we Ýewropanyň söwda praktikasy zerarly ABŞ-nyň uly ýitgi çekýändigi baradaky çykyşy sebäpli geçirildi.

Bu tankytdan soň, aýdylmagyna görä, Germaniýanyň we Ispaniýanyň liderleri NATO ýolbaşçylaryndan, diňe agzalaryň gepleşik geçirip bilmegi üçin, NATO-nyň agzasy däl ýurtlaryň - Ukrainanyň we Gürjüstanyň liderleriniň zaldan çykarylmagyny soradylar.

Tramp: “Men adamlara olar öz goranyş harajatlaryny haýal etmän köpeltmeseler, özümiň hoşwagt bolmajakdygymy aýtdym” diýdi.

Şu aralykda Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite Trampyň beýleki ýaran döwletler haýal etmän goranyş harajatlaryny köpeltmeseler, ABŞ-nyň NATO-dan çykjakdygyny aýdyp haýbat atandygy baradaky habarlary ret etdi.

Emma muňa garamazdan, ol Trampyň NATO-nyň goranyş harajatlary baradaky talabyň has çalt ýerine ýetirilmegini berk talap edendiginiwelin tassyk etdi.

Tramp adatdan daşary duşuşykdan soň özüniň Birleşen Ştatlary NATO ýaranlygyndan “belki-de” ABŞ kanunçylygynyň goldawyny almazdan hem “çykaryp biljekdigini”, emma indi beýle çäräniň “zerur däldigini”, sebäbi NATO ýaranlarynyň “goranyş harajatlaryny mundan öň görülmedik derejede köpeltmek üçin tijenendiklerini” aýtdy.

Tramp 12-nji iýulda irden sammit sessiýasy mahalynda twitterde beýanat çap edip, NATO ýurtlarynyň “Jemi içerki önümiň 2 prosentini 2025-nji ýylda däl-de, häziriň özünde tölemelidigini” aýtdy.

Ol “ABŞ Ýewropa subsidiýa bermek üçin onlarça milliard dollar, aşa köp töleýär we söwdada uly ýitgi çekýär” diýip ýazdy.

Tramp ozal NATO döwletlerini 2014-nji ýylda boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmäge, ýagny 2024-nji ýylyň aýagyna çenli öz jemi içerki önümleriniň 2 prosentini goranyşa harçlamaga çagyrypdy.

Ol 11-nji iýulda, harby harajatlary jemi içerki önümiň 4 prosentine çykarmaga, iki esse köpeltmäge çagyryp, ýewropaly kärdeşlerini aňk etdi.

NATO-nyň maglumatlaryna görä, bu häzir Birleşen Ştatlaryň töleýäninden hem köpräk bolýar.

Tramp NATO liderleriniň 12-nji iýulda geçiren adatdan daşary duşuşygyndan soň özüniň Putiniň Ýewropa ýa-da Birleşen Ştatlara howp bolmagyny islemeýändigini, “şu sebäpden özlerinde NATO-nyň bardygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG