Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň polisiýasy öz kärdeşini öldürmekde gümän edilýän adamy öldürdi


Azerbaýjanyň polisiýasy tarapyndan öldürlendigi aýdylýan Rasad Boýukkisiýew (ç) we tussag edilen Faruh Kasimow (s)

Azerbaýjanyň häkimiýetleri polisiýanyň şu hepdede protestleriň dowamynda iki polisiýa ofiserini pyçaklamakda güman edilýän adamlaryň birini öldürendigini aýdýar.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň 13-nji iýulda mälim etmegine görä, şübhelenýän 1988-nji ýylda doglan Rasad Boýukkisiýew Şamkir şäherinde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda garşylyk görkezenden soň öldürlipdir.

Ministrlik polisiýa ofiserlerini pyçaklamakda güman edilýän beýleki adamyň Faruh Kasimowyň tussag edilendigini 11-nji iýulda mälim etdi.

Polisiýa ofiserleri 10-njy iýulda Gança şäherinde ýerli administrasiýada jemlenen 200 demonstrantça garşy duran wagtynda öldürildi.

Polisiýa 40 demonstrantçyny tussag etdi we beýlekileri dargatdy. Bu ýagdaý prezident Ilham Aliýewiň ýurduň daşyna syýahat eden wagtynda bolup geçdi.

XS
SM
MD
LG