Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan partlamalarynda azyndan 133 adam öldürildi


Nawazy Şarifiň goldawçysy onuň portretini gujaklap dur.
Nawazy Şarifiň goldawçysy onuň portretini gujaklap dur.

Pakistanda 13-nji iýulda saýlaw bilen bagly partlamalarda azyndan 133 adam, şol sanda parlament kandidaty öldürildi, 230-dan gowrak adam bolsa ýaralandy diýip, häkimiýetler aýtdylar.

Bu partlamalar işden çetleşdirilen ozalky premýer-minsitr Nawaz Şarifiň korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolmak üçin dolanyp gelende tussag edilmegi netijesinde güýçlenen dartgynlyklara gabat geldi.

Pakistan polisiýasy janyndan geçen bombaçynyň Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwetta şäheriniň golaýyndaky kampaniýa konwoýyny nyşana alyp, 128 adamy, şol sanda 25-nji iýulda geçiriljek saýlawlarda bäsleşige çykjak kandidat Siraj Raýsani öldürendigini aýdýar. Bu hüjümde azyndan 200 adam ýaralandy we onuň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Şol gün irden, başga bir kandidat nyşana alnanda bolsa, bäş adam ölüp, azyndan 32 adam ýaraly boldy. emma bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim üstüne almady.

Bu partlama ozalky jaý üpjünçiligi we işler ministri Akram Han Durranini alyp barýan maşyny nyşana aldy, onuň özi aman galdy diýip, ýerli polisiýa başlygy Hurram Raşid aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamaneti 13-nji iýul güni giçlik Pakistanda syýasy kandidatlara we olaryň goldawçylaryna garşy edilen hüjümleri berk ýazgardy.

XS
SM
MD
LG