Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alekseý Nawalna garşy görkezme bermedik rus telekeçisi 43 ýaşynda aradan çykdy


 Pýotr Ofitserow, 2016 ý.
Pýotr Ofitserow, 2016 ý.

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalna garşy bildirilen jenaýat aýyplamalarynyň birinde onuň bilen 'jenaýat şärigi' bolan telekeçi Pýotr Ofitserow 43 ýaşynda aradan çykdy.

Žurnalist Ýewgeniýa Albats 13-nji iýulda twitterdäki sosial-media sahypasynda Ofitserowyň ýogalandygyny habar berdi, emma onuň ölüminiň detallaryny açmady.

Garaşsyz “Meduza” habar gullugy hem bu habary okyjylaryna ýetirdi.

“Moskowskaýa Komsomoles” gazeti 9-njy iýulda Ofitserowyň agyr ýagdaýda, beýni çaýkanmasy we kelle trawmasy sebäpli hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi. Doktorlar gazete onuň sebäbi anyklanylmadyk trawmadan ejir çekendigini aýtylar.

Ofitserow 2013-nji ýylda Nawalnyý bilen bilelikde Kirowtokaý işi esasynda ogurlykda günäli tapylypdy. Tarapdarlary we köp synçy bu aýyplamalaryň Nawalnynyň oppozision syýasy aktiwligi üçin ar alyşdygyny, toslanyp tapylandygyny aýdýarlar.

Şonda Nawalna 5 ýyl türme tussaglygy, Ofitserowa bolsa 4 ýyl tussaglyk berlipdi. Emma sud 2013-nji ýylyň oktýabrynda, şikaýat prosesinde, bu hökümleriň ikisini hem togtatdy.

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy 2016-njy ýylda Kirowtokaý sudunyň adalatsyz geçirilendigi we iki adamyň “adaty kommersiýa işinden tapawutlanmaýan” hereketleri üçin ýazgarylandygy baradaky karara geldi.

Orsýetiň Ýokary sudy 2013-nji ýylda bu hökümleri ýatyrdy we täzeden sud seljerişliginiň geçirilmegini buýurdy.

Ofitserow 2013-nji ýyldaky sudda sözlän soňky sözünde özüniň bigünädigini aýdyp, eger Nawalna garşy görkezme berse, prokurorlaryň özüni goýberjekdiklerini ýaňzytdy.

"Meniň bäş çagam bar, üç ogul, iki gyz” diýip, ol aýtdy. “Men bilýärin, eger ylalaşyga gelsem, olar maňa kömek ederler we bu ajaýyp bolar. Emma, siz bilýärsiňiz, haçanda çagalarym ulalanda menden sorar: “Kaka, näme boldy? Sen näme iş etdiň?”

2017-nji ýylyň fewralynda aşaky sud ýene bu iki adamy günäli tapdy we olara şol bir şertli tussaglyk möhletlerini berdi.

Ofitserowyň yzynda aýaly we bäş çagasy galdy.

XS
SM
MD
LG