ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus lideri bilen planlaşdyrylan sammitiniň öňüsyrasynda beren interwýusynda Wladimir Putine "belki-de rehimsiz adamdyr” diýdi.
Şeýle-de Tramp Britaniýanyň “Daily Mail” gazetinde 14-nji iýulda çap edilen söhbetdeşliginde 2020-nji ýylda gaýtadan saýlanmagy “doly niýet edinýändigini” aýtdy we “meniň şeýtmegimi hemmeler isleýän ýaly görünýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Tramp özüniň ýewropa saparynyň çäginde, Brýusselde NATO sammitine gatnaşandan soň, Britaniýa geldi we ol ýerden Helsinkä, 16-njy iýulda rus prezidenti Wladimir Putin bilen boljak sammite gider.
Interwiýu alýan Piers Morgan Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny “rehimsiz diktator” hökmünde häsiýetlendirende, Tramp munuň bilen ylalaşdy we özüniň “belli derejede rehimsiz adamlar” bolup durýan köp lider bilen iş salyşýandygyny aýtdy.
Haçanda Putini rehimsiz hasaplanýarsyňyzmy diýlip soralanda, Tramp: “Men size muny aýdyp biljek däl... meniň çenime görä ol belki-de şeýledir, emma men size başgalary hem atlandyryp bilerdim. Seret, eger biz Orsýet bilen oňuşmagy başarsak, bu gowy zat. Meni ony tanamok. Men onuň bilen birnäçe gezek duşuşdym, men onuň bilen 20-ler toparynda duşuşdym” diýdi.
“Meniň pikirimçe, biz örän gowy düşünişip bileris” diýip, Tramp Putin bilen planlaşdyrylan sammiti nazara alyp aýtdy. “Biri siz dostmy ýa duşman diýip sorady. Men muny aýdardan gaty ir, emma edil häzir biz bäsdeş diýdim” diýdi.