Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul partlamasynda azyndan bäş adam öldürildi


Barlag nokadynda esgerler.

Kabulda hökümet ministrliginiň öňünde özüni partladan janyndan geçeniň hüjüminde azyndan bäş dam öldi diýip, resmiler aýtdylar.

15-nji iýuldaky partlama Obalary abadanlaşdyrmak we ösüş ministrliginde boldy diýip, polisiýanyň sözçüsi
Haşmat Stanikzaý AFP habar gullugyna aýtdy.

Obalary abadanlaşdyrmak we ösüş ministrliginiň sözçüsi Fraidoon Azhand bu hüjümiň bolandygyny tassyklady we başky maglumata görä azyndan bäş adamyň öldürilendigini aýtdy.

"Görnüşinden, janyndan geçen bombaçy özüni ministrligimiziň derwezesinde partlatdy. Onuň nyşanalary biziň işden gaýdyp barýan adamlarymyz boldy” diýip, ol aýtdy.

Häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç topar öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG