Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

18 ýyl tussaglykda saklanan özbek žurnalisti ABŞ-daky maşgalasy bilen gaýtadan birleşdi


Özbek žurnalisti Muhammad Bekjon
Özbek žurnalisti Muhammad Bekjon

Özbek žurnalisti Muhammad Bekjon Özbegistanda 18 ýyl demir gözenekleriň arkasynda saklanyp, azatlyga goýberilenden bir ýyl gowrak wagt soň, Birleşen Ştatlardaky maşgalasy bilen gaýtadan birleşdi.

16-njy iýulda Birleşen Ştatlaryň Sietl şäheriniň aeroportunda Bekjony agtyklary we gyzlary garşy aldy. Ol öz dogan-garyndaşlaryny 1999-njy ýylda tussag edileni bäri görmeýärdi.

Köp adamlar tarapyndan syýasy tussag diýlip hasaplanýan 64 ýaşyndaky žurnalist 2017-nji ýylyň fewral aýynda azatlyga goýberilipdi. Geçen hepdäniň ahyrynda özbek häkimiýetleri Bekjonyň Birleşen Ştatlara sapar etmegi üçin zerur bolan ýurtdan çykyş wizasyny berdiler.

Mundan öň Bekjon Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Birleşen Ştatlara wagtlaýyn sapar etjekdigini, bu ýerden gaçybatalga soramajakdygyny aýdypdy. Bekjonyň maşgala agzalarynyň aglabasy Birleşen Ştatlarda ýaşaýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Bekjony “dünýäde iň uzak wagt tussaglykda saklanan žurnalistleriň” sanawyna goşupdy.

XS
SM
MD
LG