Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trend: Hazardaky adalaryň üstüne Türkmenistanyň 170 gektarlyk emeli adasy goşuldy


Hazaryň kenarynda
Hazaryň kenarynda

Hazar deňziniň çäginde 50-ä çenli ada hasaba alnan, emma biraz öň olaryň üstüne adam eli bilen döredilen ýene bir ada goşuldy diýip, “Trend” habar gullugy türkmen mediasyna salgylanyp habar berýär.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Hazar deňziniň türkmen çäginde döredilen emeli ada 170 gektar ýeri tutýar.

«Trend» ozal türkmen metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynda gurulýan emeli adanyň 160 gektar meýdany tutjagyny habar beripdi.

Şeýle-de neşir bu adanyň 1 million 600 müň kwadrat metr meýdany tutýandygyny ýene bir gezek tassyk edýär.

Emeli ada Türkmenbaşyda gurlan halkara port bilen bilelikde, portuň gumuny ada çekmek bilen bina edildi.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti 2016-njy ýylyň aýagynda bu ada ýerli we daşary ýurt ekologlarynyň janly tebigatyň goralýan desgasy hökmünde gözegçilik edýändiklerini habar beripdi. Sebäbi, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, ol esasan ekologiki syýahatçylyk üçin ulanylmaly.

Türkmenistan deňizde ada döretmezinden öň Garagumda emeli köl döretmek üçin hem milliardlarça dollar harçlady. Emma häkimiýetler soňky döwürde “Altyna asyr” kölüne, Türkmenbaşyda gurlan halkara porta we emeli ada harçlanan serişdeleri agzamaýarlar.

Şu aralykda türkmen mediasy “Awaza” syýahatçylyk zolagynda millionlarça dollar serişdä gurlan desgalaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine geçirilýändigini habar berdi.

Şol bir wagtda bu binalaryň gurluşygyna harçlanan döwlet serişdesi, syýhatçylar zolagyndan alynýan girdeji barada anyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG