Çagalar Gökderä dynç alyşa ugradylýar
20-nji iýulda Aşgabadyň Ýetginjekler köşgünden çagalary Gökdere dynç alyş öýlerine dynç almaga ugradyldy. Ir ertirden bu ýere ene-atalar öz çagalaryny alyp geldiler. Ol ýerde aýdym-saz bilen dynç alyşa barýan çagalary telewidenýä düşürip, soňra ýörite awtoulaglarda polissiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ugratmagynda Gökderä garşy alyp gitdiler. Şol bir wagtda, dynç alyş möwsümi köp çagalaryň bu mümkinçilikden peýdalanyp bilmeýändigi aýdylýar.
Epizodlar
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'
-
Iýun 24, 2026Emeli aň we döwlet gözegçiligi