Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrasiýanyň işgärleri Aşgabadyň aeroportunda gyzyly bolanlara berk daraýar


Aşgabadyň halkara aeroporty

Soňky üç aýlykda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda onlarça müň dollarlyk gyzyl şaý-sepleri gizlinlikde geçirmäge synanyşýarka saklanyp, bikanun gyzyl söwdasyndan aýyplanmagyndan soň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem Aşgabadyň aeroportunda gyzyl şaý-sepli ýolagçylara gaty berk darap başlandygy habar berilýär.

Stambula gelenden soň, howpsuzlyk sebäpli şahsy maglumatlarynyň agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan onlarça türkmen raýatynyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň aeroportunda migrasiýa gullugynyň işgärleri olary toýa dakynyp barýan gyzyl şaý-sepleri sebäpli saklap, äsgermezçilikli sözler aýdyp, gaty heläk edipdir.

Migrasiýanyň işgärleri olaryň gyzyl şaý-seplerini görüp, aýratyn otaga salyp: "Nirede işleýärsiňiz? Hawa, gazanjyňyz gowumy? Hawa, onsoň äriňiz barmy? Adamyňyz bilen gatnaşygyňyz nähili? Hawa, onsoň agşam we gije näme iş bilen meşgullanýarsyňyz? Onsoň diýýän, sen biziň soragymyza jogap ber, agşam hem gije näme iş bilen meşgullanýarsyňyz? Bu gyzyllary nirä, näme üçin, kime alyp barýarsyňyz? Daşary ýurtda bu gyzyllar bilen näme etjek bolýarsyňyz? Hany başga gizlän gyzyllaryňyz bar bolsa, olary hem görkeziň, bolmasa häzir özümiz barlap taparys. Siz söwda edýäňizmi ýa-da başga iş edýärsiňiz?” diýip, gödeklik bilen soraga çekipdir.

"Stambulda işläp ýören oglumyň toýuna barýardyk. Migrasiýanyň işgärleri biziň gyzyl şaý-seplerimizi görüp, derrew gazaba mündi. Olar biziň artykmaç gyzyl alyp barýandygymyzy aýdyp, ýarysyny goýup gitmegimizi talap etdi. Biziň o diýen göze ilip duran gyzyl şaý-seplerimiz hem ýokdy aslynda. Her kimde gyzyl gulakhalka, boýnunda inçejik zynjyr we goşarynda hem bir ýönekeýje gyzyl bilezik bardy. ‘Biz oglumyzyň toýuna barýarys. Artykmaç gyzyl ýok ynha serediň. Öz toýumyzda dakynmajak bolsak, haçan dakynaly bu gyzyllary?’ diýsek, migrasiýanyň işgärleri olary yzyna ugratmagymyzy talap etdi we ‘Bolmasa özümiz alyp galarys’ diýdiler” diýip, Stambula migrant oglunyň toýuna baran toparyň ýaşy ýetmişden geçen ýaşulysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Ol şondan soň özüniň migrasiýanyň ýolbaşçysy bilen görüşmegi talap edendigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Migrasiýanyň ýolbaşçysy bilen duşuşyga baranymda, ‘Biz Stambula oglumyzyň toýuna barýarys. Şonuň üçin hem zenanlarymyz bezenip öz gyzyl şaý-seplerini dakyndylar. Bir ýere bellik edip alyň gyzyllary, gaýdyşyn size hasabat bereli. Ýöne gaýrat edip bizi geçiriň, toýa bezenmän barsalar gowy bolmaz ahyryn oglan tarap bolup. Gaýrat edip bize kömek ediň. Işgärleriňiz gyzyllarymyzyň ýarysyny goýmagymyzy talap edýär’ diýsem, migrasiýanyň ýolbaşçysy ýene bize arka çykyp, kömek etdi. Ýogsam ýolagçylary barlaýan migrasiýanyň ýönekeý işgärleri gady gödek we berk daraýarlar gyzyl şaý-sepi bolan raýatlara” diýip, ýaşuly Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Belläp geçsek, mundan owal hem Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan birnäçe türkmen raýaty Stambula barýan mahaly dakynan gyzyl şaý-sepleri sebäpli Aşgabadyň aeroportunda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, basyşa sezewar edilendigini gürrüň beripdi.

Ýatlap geçsek, “The Times of India” neşiriniň 16-njy iýulda beren maglumatyna görä, iki türkmen raýaty Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçarda Amritsar şäherine baryp, bahasy 40 müň amerikan dollaryna golaý gyzyl şaý-sepleri bikanun geçirmäge synanyşanda saklanýar.

6-njy maýda bolsa, Hindistanyň media serişdeleri Indira Gandi adyndaky halkara aeroportunyň gümrük departamentiniň 19 kilogram gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany tussag edendigini habar beripdiler.

Şol aýyň ahyrynda bolsa, türkmenistanly bir zenan maşgalanyň bahasy 61 müň dollar möçberindäki altyny bikanun ýollar biler Hindistanyň çägine saljak bolanda tussag edilendigi barada habarlar peýda boldy.

Sözi jemlesek, türkmen häkimiýetleri bikanun gyzyl söwdasynda saklanýanlar we bu çäkde daşary ýurtlara barýan ýolagçylara görülýän çäreler barasynda metbugata hiç hili beýannama bermeýärler. Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyndan haýsydyr bir kommentariý almak hem başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG