Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putini güýzde Waşingtonda duşuşyga çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 16-njy iýulda Helsinkide geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagyndan soň elleşýärler

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp resmilere Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini güýzde Waşingtona duşuşyga çagyrmak boýunça tabşyryk berdi diýip, Ak tamyň metbugat wekili Sara Sanders aýtdy.

“Prezident Tramp milli howpsuzlyk maslahatçysy Jona Boltana prezident Putini güýzde Waşingtona çagyrmak boýunça tabşyryk berdi. Bu ugurdaky gepleşikler eýýäm başlady” diýip, Sanders 19-njy iýulda Twitterde ýazdy.

Şeýle-de Sanders “Tramp Helsinkide iki tarapyň howpsuzlyk geňeşiniň işgärleriniň arasyndaky iş topary derejesindäki dialoglar boýunça ylalaşdy” diýip ýazdy.

Günüň birinji ýarymynda Tramp 16-njy iýulda Putin bilen geçirilen sammiti “uly üstünlik” atlandyryp, Helsinkide ara alyp maslahatlaşylan käbir pikirleri durmuşa geçirmek üçin özüniň “ikinji duşuşyga” sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

19-njy iýulda Tramp Twitter arkaly, Putin bilen geçirilen duşuşygyň mediadaky beýan edilşini tankytlady.

“Orsýet bilen geçirilen sammit uly üstünlikdir, ýöne halkyň hakyky duşmany, ýagny Galp media üçin bu beýle däl” diýip, ol ýazdy.

“Men ara alnyp maslahatlaşylan käbir zatlary, şol sanda terrorçylygy togtatmak, Ysraýylyň howpsuzlygy, ýadro ýaragsyzlandyryş, kiber hüjümleri, söwda, Ukraina, Ýakyn Gündogarda parahatçylyk, Demirgazyk Koreýa we başga-da köp meseläni durmuşa geçirmek üçin biziň geçirjek ikinji duşuşygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Tramp belledi.

“Bu problemalaryň çözgüdi köp; olaryň käbiri aňsat, kabiri kyndyr, ýöne olaryň HEMMESINI çözüp bolýar” diýip, Tramp ýazdy.

Putiniň ABŞ-a etmegi ahmal sapary barada Ak tamyň berýän maglumaty Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň direktory Dan Kotsy (Dan Coats) geň galdyrýan çemeli. Ol gürrüňi edilýän sapar baradaky maglumatdan Koloradoda geçirilýän Aspen howpsuzlyk forumynda telewideniýede göni ýaýlymda habar aldy.

“Ol aýratyn bolar” diýip, habara geň galandygy göze görnüp duran Kots aýtdy.

Trampyň Putin bilen diňe terjimeçileriň gatnaşmagynda ýüz-ýüze geçiren duşuşygynda edilen gürrüňler barada az-kem maglumat peýda bolup başlady.

Foruma gatnaşýan Kots: “Men ýygnakda bolan zatlardan bihabar” diýdi.

Moskwada çykyşy eden Putin sammiti “umuman üstünlikli” atlandyrdy we munuň “käbir peýdaly ylalaşyklara” getirendigini öňe sürdi, ýöne “peýdaly ylalaşyklary” aýdyňlaşdyrmady.

Amerikaly kanun çykaryjylar, şol sanda respublikanlar we beýlekiler Trampyň 16-njy iýulda Helsinkide bolan duşuşygyň yzýany Putin bilen geçiren bilelikdäki metbugat maslahatynda eden çykyşyny ýiti tankytladylar.

ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri, kanun goraýjy edaralary we kongresiň binýadyndaky toparlar Moskwanyň kiber hüjüm arkaly, şeýle-de jemgyýetçilik garaýyşlaryny manipulýasiýa edip, döwlet guramaçylygynda durmuşa geçirilen kampaniýalaryň üsti bilen ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy barada netijä gelendiklerine garamazdan, Tramp metbugat ýygnagynyň dowamynda Putiniň saýlawlara Orsýetiň gatyşygyny inkär etmegini alga alýan çemeli çykyş etdi.

Şeýle-de, tankytçylaryň köpüsi iki lideriň ýüz-ýüze geçiren duşuşygynda eger ylalaşyk gazanylan bolsa, şol ylalaşyklaryň ýazgysynyň ýokdugyndan şikaýat etdi.

Tramp prezidentlik ugrunda alyp baran kampaniýalarynda eden çykyşlarynda Orsýet bilen, hususan-da Putin bilen has oňat gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýändigini aýdyp gelipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG