Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda sygyr ogurlamakda güman edilen musulman erkegi urlup öldürildi


Hindistan, Ahmedabat Silden geçýän adamlar we sygyrlar. Arhiw suraty.
Hindistan, Ahmedabat Silden geçýän adamlar we sygyrlar. Arhiw suraty.

Hindistanyň Pakistan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar ştatynda bir musulman erkek gazaba çykan mähelle tarapyndan urlup öldürildi. Ol sygyr gaçakçylygynda güman edilipdir diýip, polisiýa aýtdy. Ýogsa ýurduň ýokary sudy bu hili zorluk-sütemleri derhal bes etmäge çagyrypdy.

Rajahstan ştatynyň Alwar obasynyň adamlarynyň bir topary 28 ýaşyndaky Akbar Hany we ýene bir adamy ýarygijeden biraz soň, 21-nji iýulda, iki sany sygry tokaýlygyň içinden sürüp barýan wagtynda tutupdyrlar diýip, häkimiýetler aýtdylar.

Polisiýanyň sözlerine görä, oba adamlary ol iki erkegiň daşyny gurşap alyp, olary bu sygyrlary öz goňşy ştatdaky obalaryna alyp gitmek synanyşygynda aýyplapdyrlar.

Netijede, adamlar olary taýaklap urup başlaýarlar we Hanyň ýoldaşygaçyp gutulmagy başarýar. Polisiýa Hany hassahana getirýär, emma onuň bu ýere gelende ölendigi yglan edilýär.

Häkimiýetler bu iş boýunça derňew geçirýändiklerini, Hanyň we onuň ýoldaşynyň sygyr ogrulary bolup-bolmandygyny aýdyň däldigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG