Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň baş sekretary bilen duşuşdy, TOPH-yň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy


Serdar Berdimuhamedow tatarystanly resmiler bilen duşuşan topara ýolbaşçylyk edýär. Arhiw suraty
Serdar Berdimuhamedow tatarystanly resmiler bilen duşuşan topara ýolbaşçylyk edýär. Arhiw suraty

Geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýeti Nýu-Ýorka sapar edip, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilen maslahatlara gatnaşdy. Şeýle-de, DIM-iň orunbasary BMG-niň baş-sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy, hem-de TOPH-yň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýty habar berýär.

17-nji iýulda Serdar Berdimuhamedow Nýu Ýorkda BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşdy. Ol 18-nji iýulda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly” atly tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy. Türkmeni wekiliýetiniň ýolbaşçysy 19-njy iýulda BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

DIM-iň websaýtynda aýdylmagyna görä, Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýulda Durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumda çykyş edip, Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň ýerli aýratynlyklaryna degip geçipdir, şol sanda Türkmenistanyň milli ösüş strategiýasynyň agzalýan ählumumy programmalara kybap getirilýändigini öňe sürüpdir. Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-de geçiren duşuşyklarynda ýurduň şäher hem-de oba ýerlerinde agaç oturtmak boýunça alnyp barylýan işler barada, şeýle-de ýurtda “Araly halas etmek boýunça alnyp barylýandygy” aýdylýan, ýöne ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, iş ýüzünde bitirilýän alamatlary göze ilmeýän daşky gurşaw meseleleri hakda söhbet açypdyr.

Birleşen Milletler Guramasy dünýäde garyplygyň soňuna çykmak, açlygy ýok etmek, gender deňligi, howany aýamak we şuňa meňzeş 17 ugur boýunça Durnukly ösüşiň ählumumy maksatnamalaryny kabul etdi.

19-njy iýulda BMG-niň Nýu-Ýorldaky edara binasynda Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekilhanasy Owganystanyň, Pakistanyň hem-de Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde TOPH-yň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti, Türkmenistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň Hemişelik wekilleri, Pakistanyň Hemişelik wekiliniň orunbasary, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýe.Panowa, «TAPI Pipeline Çompany Limited» Baş direktory M.Amanow, ÝB-niň, BMG-nyň ÖM-niň wekilleri, BMG-nyň ýanyndaky agza-ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekilhanasynyň başlygy Aksoltan Ataýewa tanyşdyryş dabarasynda eden çykyşynda TOPH taslamasyny energetikanyň täze Beýik Ýüpek ýoluna deňäpdir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeke-täk ogly, hem-de ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary 36 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýyldan bäri ýurduň syýasy sahnasynda has işjeň rol oýnap başlady. Ýaş Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda ikinji gezek ýurduň mejlisine deputatlyga saýlandy, yzýany Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi. Ol daşary ýurtly ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy, möhüm regional sammitlere prezident kakasynyň deregine Türkmenistana wekilçilik etdi.

Soňky döwür Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident kakasy bilen ýurduň mediasynda-da has köp peýda bolup başlady. Türkmen telewideniýesinde Berdimuhamedowlar ataly-ogul atda gezelenç edýär, sport ulagyny täzeden gurnap bejerýär.

Synçylar Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň syýasy durmuşyna aktiw aralaşdyrylmagyna mirasdüşerligiň alamatlary hökmünde baha berýärler.

Ýatladyp geçsek, Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 4 – 5-nji iýulynda Ženewa sapar eden türkmen wekiliýetine-de ýolbaşçylyk edip, ol ýerde halkara guramalaryň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyk geçiripdi.

XS
SM
MD
LG