Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa eýran güýçlerini Ysraýylyň serhedinden 100 km uzaklykda saklamagy teklip etdi


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Arhiw suraty

Russiýa Eýrany goldaýan güýçleri Ysraýylyň serhetlerinden 100 km uzaklykda saklamagy teklip etdi. Bu Ysraýylyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin, ABŞ bilen Ysraýylyň bilelikdäki gelen ylalaşygynyň çäginde edilen teklip boldy.

Bu baradaky teklip Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda edildi diýip, Ysraýylyň habar serişdeleri maglumat berdiler.

Netanýahu eýranly güýçleriň we olary goldaýanlaryň ählisiniň Siriýanyň territoriýasyndan çykarylmalydygy baradaky talabyny ýene bir gezek dile getirdi diýip, media maglumatlarynda nygtalýar.

Emma, Ysraýylyň habar serişdelerinde Russiýanyň eýranly harby maslahatçylary we Eýrany goldaýan güýçleri, şol sanda Liwanyň Hizballah toparyny Ysraýylyň serhedinden uzak aralykda saklamak baradaky teklibini Netanýahunyň ret edendigini alamatlandyrýan maglumat berilmedi.

Şol bir wagtda, “Reuters” habar agentligi ysraýylly bir resmä salgylanyp, Netanýahunyň Russiýanyň teklibini ret edendigini habar berdi. Ysraýylyň premýer-ministri Lawrowa: “Biz eýranlylaryň serhetden 100 km uzaklykda hem ornaşmagyna ýol bermeris” diýipdir. Sebäbi Eýranyň uzak aralyk üçin niýetlenen raketalary Siriýadan atylanda, olaryň Ysraýylyň territoriýasyna ýetmek ähtimallygy bar.

“Reuters” agentliginiň maglumatyna görä, Ysraýyl Russiýanyň eýranly harbylary serhetden 80 km uzaklykda ýerleşdirmek baradaky eden ozalky teklibini hem ret edipdir.

Rus resmileri Netanýahunyň Lawrow we Russiýanyň harby güýçleriniň baş ştabynyň başlygy, general Waleriý Gerasimow bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler.

Mundan öň, Netanýahu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa we rus prezidenti Wladimir Putine, geçen hepde Helsinkide geçiren sammitlerinde Ysraýylyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikde işleşmäge ylalaşandyklary üçin, minnetdarlygyny bildirdi.

Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda, serhet meselesi üstünde 1967-nji we 1973-nji ýyllarda iki gezek uruş turupdy. Munuň netijesinde, Ysraýyl Golan Belentliklerini ele geçiripdi. Bu sebitler öň Siriýanyň Kuneitra welaýatydy. Ysraýylyň okkupasiýasy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hiç haçan ykrar edilmedi.

Ysraýyl bilen ABŞ Russiýa basyş edip, Eýranyň Siriýadaky täsirini gowşatmaga synanyşýarlar. Emma, Moskwa Siriýa-Eýran gatnaşyklaryna uly täsir ýetirip bilmeýändigini, şeýle-de Eýranyň bu ýurtdan doly çykmagyna garaşyp bolmaýandygyny aýdýar.

Eýranyň liderleri ABŞ-nyň we Ysraýylyň Siriýadan çykmak baradaky çagyryşlaryny ret edip gelýärler.

XS
SM
MD
LG