Pakistanda geçirilýän milli saýlawlarda saýlawçylar ses berip başlanyndan gysga wagt soň, ýurduň Kwetta şäherinde amala aşyrylan partlamada onlarça adam öldi.
25-nji iýulda geçirilýän saýlawlarda oppozision lider Imran Hanyň “Tehrek-e-Insaf” (PTI) partiýasy bilen tussaglykdaky öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň “Pakistan musulman ligasy-Nawaz” partiýasy bäsleşýär.
Pakistanyň howpsuzlyk we saglyk resmileri ýurduň Balojistan welaýatynyň paýtagty Kwettedäki polisiýa kerwenine amala aşyrylan hüjümde azyndan 28 adamyň ölendigini we başga-da 35 sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy. Topar partlamanyň janyndan geçeniň hüjümi esasynda amala aşyrylandygyny aýdyp, bu barada jikme-jik maglumat bermedi.
Mundanam başga, 25-nji iýulda irden Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Swabi etrabyndaky saýlaw uçastogynda dörän ok atyşygyň netijesinde “Tehrek-e-Insaf” (PTI) partiýasynyň 30 ýaşyndaky bir aktiwisti öldi we başga-da dört adam ýaralandy.