Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: Saýlawlaryň deslapky netijeleri oppozisiýa lideri Hanyň öňdeligini görkezýär


Oppozisiýa lideri Imran Han

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Pakistanda geçirilen saýlawlaryň deslapky netijeleri oppozisiýa lideri Imran Hanyň partiýasynyň häzirki dolandyryjy partiýadan öňe geçendigini görkezýär.

Emma dolandyryjy partiýanyň liderleri eýýämden zorluk-sütem arasynda gijigen saýlaw netijelerini “galplaşdyrylan” diýip, ret etdiler.

“Roýters” habar agentligi 26-njy iýulda berlen sesleriň 30 prosentiniň sanalandygyny, Pakistanyň saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Hanyň Tehrike Ynsap partiýasynyň Milli ýygnagyň sorag geçirilen272 saýlaw okrugynyň 113-sinde öňde bolandygyny habar berdi.

“The Associated Press” ozalky kriket ýyldyzynyň we onuň partiýasynyň öz esasy garşydaşyndan, türmä basylan ozalky premýer-ministr Nawaz Şarifiň PML-N partiýasyndan öňe geçendigini habar berdi.

Nawaz Şarifiň partiýasynyň saýlaw kampaniýasynyň başyny onuň dogany Şahbaz Şarif çekdi.

Pakistanyň Saýlaw komissiýasynyň resmisi Babar Ýakub 26-njy iýulda žurnalistlere saýlawda “dil düwüşmegiň bolamdngygyny we ses sanamagyň diňe elektron habar beriş ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli gijigendigini aýtdy.

Ol indi ses sanamagyň elde geçiriljegini aýtdy.

Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Sardar Mohammad Raza saýlawlaryň “100% aýdyň we adalatly” geçirilendigini, emma gutarnykly netijeleriň yglan ediljek anyk wagtyny aýdyp bilmejegini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG