Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň paneli Orsýeti türmelerdäki adam gynalmalaryny derňemäge çagyrýar


Ýaroslawlyň 1-nji koloniýasy
Ýaroslawlyň 1-nji koloniýasy

BMG-niň adam hukuklary ekspertleri rus häkimiýetlerini Orsýetiň türmelerinde we zähmet düzediş lagerlerinde giň ýaýrandygy aýdylýan adam gynalmalaryny, şol sanda urup-ýençmeleri, elektrik toguna tutmalary we bogup demikdirmeleri derňemäge çagyrdylar.

BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetiniň başlygy Ýens Modwig (Jens Modvig) 25-nji iýulda Ženewada Orsýetiň hasabaty diňlenende, türmede ölýänleriň köplügi boýunça bu ýurduň Ýewropa geňeşine degişli ýurtlaryň arasynda “iň ýokary derejeleriň” birini alýandygyny, her ýylda 600 müň çemesi tussagyň 4 müň çemesiniň türmede ölýändigini aýtdy.

“Adam gynamalary giňden ulanylýar” diýip, Modwig aýtdy we şeýle çynlakaý jenaýat babatynda degişli jeza bermegiň kepillendirilmändigini belledi.

Rus häkimiýetleri 23-nji iýulda, “Nowaýa gazeta” gazetiniň azyndan 10 sany türme sakçysynyň bir tussagy gynaýyşyny we urşuny görkezýän wideosy ile ýaýrandan birnäçe gün soň alty sany türme gözegçisini tussag etdiler.

XS
SM
MD
LG