Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Demirgazyk Koreýa ýadro bombalary üçin ýangyç öndürmegini dowam etdirýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryndan saplanmak barada beren wadalaryna garaman, ýadro bombalary üçin ýangyç öndürmegini dowam etdirýär diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 25-nji iýulda aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji iýunda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşandan soň, Phenýanyň ýadro ýaraglaryndan örän çalt el çekjedgini, hatda Demirgazyk Koreýanyň mundan aňryk ýadro wehimini salmaýandygyny aýtdy.

Pompeo 25-nji iýulda Senatyň daşary gatnaşyklar komitetinde hem respublikanlaryň, hem demokratlaryň soraglary bilen ýüzbe-ýüz bolanyndan soň, Kimiň heniz sammit döwründe beren wadalarynyň köpüsini ýerine ýetirmändigini aýtdy.

Şol bir wagtda-da ol şindi hem “sabyrly diplomatiýa” arkaly progres gazanylýandygyny aýtdy we özüniň bu prosesiň soňuna çenli süýrenjeňlige salynmagyna ýol bermejegini belledi.

Sammitden soň çalt üstünlik gazanyljagyny çaklan Tramp geçen hepde bu meselede “gyssanmaçlygyň ýokdugyny” we ýadro ýaraglaryndan saplanmak gepleşiklerinde “wagt çäginiň bolmandygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG