Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň öňki aklawçysy Tramp öz kömekçileriniň ruslar bilen duşuşygyny tassyklady diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öňki aklawçysy Maýkl Koen (Michael Cohen) we Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öňki aklawçysy Maýkl Koen (Michael Cohen) we Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň mediasynyň habar bermegine görä, prezident Donald Trampyň öňki aklawçysy prezidentiň kömekçileri bilen bäsdeş dalaşgär Hillari Klintona zyýanly maglumatlary paýlaşmak arkaly Trampyň saýlaw kampaniýasyna ýardam bermegi teklip eden rus delegasiýasynyň arasynda 2016-njy ýylyň iýun aýynda bolan duşuşyk barada Trampyň öňünden bilýändigini aýtdy.

CNN we NBC neşirleriniň maglumatyna görä, Trampyň öňki aklawçysy Maýkl Koen (Michael Cohen) Trampyň ogly Donald Tramp-kiçi öz kakasyna ruslaryň teklipleri barada aýdanda we Tramp duşuşygy tassyklanda, özüniň şol ýerdedigini öňe sürýär.

Häzirki wagt derňew astyndaky we prezident bilen arasyna tow düşen Koen, aýdylmagyna görä, bu mesele boýunça ýörite geňeşçi Robert Muelleriň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawyna Orsýetiň goşulyşmagy diýilýän waka bilen baglanyşykly geçirýän derňewlerine beýannama bermäge isleglidigini aýtdy.

Koeniň aýdylýan tassyklamalarynyň delilleri Trampyň prezidentlige saýlanmagyna ýardam bermek maksatly Trampyň kampaniýasy bilen Russiýanyň arasynda gizlin ylalaşygyň bolandygyny ýa-da bolmandygyny subut etmek babatynda möhüm ädim bolup biler.

Ýöne CNN neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, Koende öz aýdanlaryny tassyklaýan audio ýazgy ýaly delilleriň ýetmezçilik edýändigini habar berýär.

Tramp, onuň ogly, aklawçysy we administrasiýanyň beýleki remileri prezidentiň bu duşuşyk barada 2017-nji ýylyň iýul aýyna çenli – ýagny bu habar köpçülikde ýaýraýança – hiç zat bilmeýändigini tekrarlaýarlar.

Donald Tramp-kiçi, Trampyň giýewi Jared Kuşner we şol döwürde Trampyň kampaniýasynyň ýolbaşçysy bolan Paul Manafort täsirli rus aklawçysy Natalia Weselnitskaýa bilen 2016-njy ýylyň 9-njy iýunynda Nýu-Ýorkdaky “Trump Tower” binasynda duşuşypdylar.

Bu duşuşyk, rus araçysy Trampyň ogluna rus resmileriniň Klintony “aýyplaýjy” maglumatlary we resminamalary bermegi teklip edendigini aýtmagyndan soň guramalaşdyryldy.

Weselnitskaýa öz Kongresini “haýsydyr bir hökümet organyndan garaşsyz” görnüşinde dolandyrýandygyny aýdyp, Trampyň topary bilen duşuşanda Kremliň adyndan hereket edendigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

Ýöne 27-nji iýulda “Associated Press” neşiri Weselnitskaýanyň rus hökümetiniň ýokary derejeli resmileri bilen - öň aýdanyndan has ýakyn işleşendigini görkezýän resminamalary gözden geçirendigini habar berdi.

AP neşiri bu barada kommentariý almak üçin özüniň Weselnitskaýa bilen habarlaşmak synanyşyklarynyň başa barmandygyny mälim etdi. Neşir habarçy tarapyndan onuň mobil telefonyna ugradylan hatlaryň “okaldy” diýlip görkezýändigini, ýöne yzyna jogap ýazylmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG