Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan Daşary gatnaşyklar edarasynyň adam hukuklary boýunça hasabaty: Türkmenistanda 'ösüş göze ilmedi'


Mary şäherinde gündelik durmuşdan bir pursat (Illýustrasiýa suraty)
Mary şäherinde gündelik durmuşdan bir pursat (Illýustrasiýa suraty)

Iýul aýynda Birleşen Karollygyň Daşary işler ministrliginiň binýadyndaky Daşary gatnaşyklar edarasy “2017-nji ýyl üçin Adam hukuklary we demokratiýa” atly hasabat çap etdi. Hasabatda Beýik Britaniýanyň halkara ölçegde adam hukuklaryny ösdürmek babatda alyp barýan tagallalary hakda raport berilýär, şeýle-de dünýäde adam hukuklarynyň hem-de demokratiki gymmatlyklaryň ýagdaýyna syn hödürlenýär.

Hasabatda adam hukuklary babatdaky problemalary nukdaýynazaryndan aýratyn ähmiýetli 30 ýurtdaky, şol sanda Türkmenistandaky ýagdaýlara ýörite orun berlipdir.

“2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda gynamalar we türmelerdäki ýaramaz şertler barada dowamly gürrüňler edildi. Ýurtda gender deňligi, söz-beýan azatlygy, din-wyždan azatlygy, hereket azatlygy, azlyklaryň, şol sanda LGBT toparlarynyň azatlyklary boýunça ösüş göze ilmedi” diýlip, Beýik Britaniýanyň parlamentine ýurduň daşary işler ministrligi tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de, onda Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda saýlawçylara çäkli dalaşgär mümkinçiliginiň hödürlenendigi bellenip geçilýär.

“Adam hukuklaryny goraýjylar esasan ýurduň daşyndan iş alyp barmaga dowam etdi. Türkmenistan adam hukuklary boýunça telim halkara konwensiýalara gol goýdy we olaryň talaplaryny kanunçylygyna girizdi, ýöne olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ýaramazlygynda galýar, ýa-da düýbünden berjaý edilmeýär” diýlip, şa zenanyň tabşyrygy bilen parlamente hödürlenen ýazgyda aýdylýar.

Hasabatda Türkmenistanda Adalatçynyň wezipä bellenmegi we türkmen hökümetiniň bosgunlaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukuklaryny goramakda BMG-niň Adam hukuklary geňeşine hödürlän Türkmen deklarasiýasy oňyn ädim hökmünde agzalyp geçilýär.

Hasabatda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Adam ölçeglerini berjaý etmek boýunça geçiren duşuşugyna gatnaşmandygyna gynanç bidirilýär we indiki ýygnaga gatnaşmaga çagyryş edilýär.

Birleşen Karollygyň “daşary işler ministriniň orunbasary Ser Saýmon MakDonald (Sir Simon McDonald) maý aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen geçiren duşuşugynda ýurtdaky adam hukuklary boýunça bar bolan meseleleri gönümel gozgady. Ministr Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça milli planyny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýändigini tassyklady” diýip, hasabatda aýdylýar.

Onda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň adalatçysyny ilkinji gezek baryp gören daşary ýurtly ýokary derejeli resmi Beýik Britaniýanyň Daşary gatnaşyklar edarasynyň ýolbaşçysy bolup durýar. Mak Donald türkmen adalatçysy bilen geçiren duşuşugynda oňa Birleşen Karollygyň goldawyny hödürläpdir.

“Türkmenistanyň daşyndaky Hökümete degişli bolmadyk guramalar tussaglykda saklanýan 80-den gowrak adamyň ykbaly barada maglumat soramaga dowam etdi. Olaryň aglabasy 15 ýyl mundan ozal tussag edilenlerdir. Mart aýynda Ýewropa Bileleşigi Adam Hukulary-2017 duşuşygynyň öňüsyrasynda türkmen hökümetinden bu tussaglyklaryň käbirlerini täze gozgalan işleriň käbirleri bilen bir hatardan täzeden gözden geçirmegi sorady. Türkmen hökümeti muňa jogap hökmünde az sanly adamlaryň atlaryndan düzülen sanaw bilen jogap berdi. Ýewropa Bileleşigi türkmen hökümetini “Ähli adamlary Ýitirim edilmelerden halas etmek boýunça” halkara konwensiýany tassyklamaga çagyrdy. Türkmen hökümeti gynamalary inkär etmäge dowam edýär, ýöne munuň bilen bir hatarda, Gynamalara garşy konwensiýanyň Hökmany bolmadyk protokolyna goşulmaýar” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Aşgabatdaky daşary ýurtly ilçiler, şol sanda Britaniýanyň ilçisi ýanwar aýynda Daşoguzdaky aýallaryň tussaghanasyna baryp gördi. Gaýta-gaýta edilýän haýyşlara garamazdan Owadandepedäki türmä baryp görmäge rugsat berilmeýär.

“Türkmenistanda garaşsyz media ýok, hem-de döwlet daşary ýurtlaryň neşirleriniň ýurtda satylmagyny gadagan edýär. Häkimiýetler sosial media ulgamlarynyň aglabasyny, şol sanda Twitter-i, Facebook-y, LinkedIn-i, WhatsApp-y we başga-da köp sanly internet saýtlaryny petikli saklaýar” diýlip hasabatda aýdylýar.

Onda Aşgabatda sentýabr aýynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň gabadynda girizilen çäklendirmeler, şol sanda welaýat ulaglarynyň paýtagta girizilmezligi, serhetleriň ýapylmagy ýaly hadysalar agzalyp geçilýär. Şeýle-de, fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlary, olaryň ýiti gözegçilikdäki syýasy atmosferada geçirilendigi, saýlawlaryň oppozisiýadan we aç-açanlykdan mahrum bolandygy ÝHHG-a salgylanyp, bellenip geçilýär.

Türkmenistan babatda agzalýan meseleleriň aglabasy, hususan-da ýurtda media, hereket, pikir, ynanç azatlyklary, graždan jemgyýeti boýunça dowam edýän çaklendirmeler Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam hukuklary boýunça ýaýradan ýyllyk hasabatynda-da agzalyp geçilýär.

Hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilýändigini tassyklap, güwä geçýär.

Türkmenistanyň hökümeti halkara ýygnaklarda bu gürrüňleri inkär hem-de ret edip çykyş edýär, adam hukuklarynyň ýurduň Konsitusiýasynda kepillendirilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG