Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar Eýranda režim çalyşmagy maksat edinmeýär - Mattis


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

Birleşen Ştatlar Eýranda režim çalyşmagy maksat edinmeýär diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis aýtdy.

ABŞ adminstrasiýasy režim çalyşmak ýa çökermek syýasatyny döretdimi diýlip soralanda, Mattis 27-nji iýulda “Ol zatlaryň hiç biri döredilmedi” diýip jogap berdi.

Ol, beýleki amerikan resmileriniň hem aýdyşlary ýaly, Birleşen Ştatlaryň maksadynyň Eýranyň bolşuny üýtgetmekden ybaratdygyny aýtdy.

"Bize olaryň öz goşunlary, öz gizlin gulluklary, özleriniň ýerine goýlan adamlary we ynanylan wekilleri bilen salýan wehimlerini üýtgetmek gerek” diýip, Mattis Pentagonda kameralaryň işledilmedik duşuşygynda aýtdy.

Mattisiň bu sözleri Ak tamda Eýran meselesini hem öz içine alnan ýokary derejeli maslahatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG