Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müsür sudy 75 adama ölüm hökümini çykary


2013-nji ýylda gyrakladylan yslamçy prezident Mohammed Morsi

Müsür sudy 75 adama, şol sanda gadagan edilen “Yslan doganlygy” toparynyň 2013-nji ýylda gyrakladylan yslamçy prezident Mohammed Morsini goldap guralan oturma protestine gatnaşan ýokary derejeli şahslaryna ölüm hökümini çykardy.

Kairiň Jenaýat sudunda 28-nji iýulda çykarylan höküme indi baş müfti – ýurduň ýokary dini häkimiýeti seretmeli. Emma bu bu guramanyň höküm barada gelen pikiriniň ýerine ýetirilmegi hökman däl.

Galan 660 adamyň ykbalynyň sentýabrda çözülmegine garaşylýar diýip, döwlet eýeçiligindäki Al-Ahram habar gullugy habar berdi.

2013-nji ýyldaky oturma protesti howpsuzlyk güýçleri tarapyndan güýç bilen dargadyldy. Onlarça adamyň ölümine getirendigi aýdylýan operasiýa goşun Morsini iş başyndan çetleşdireninden bir aý gowrak soň boldy.

Hukuk topary “Amnesty International” geçen aý bu köpçülikleýin sud edilmelerini “adalatyň üstünden gülmek” hökmünde tankyt etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG