Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hanyň partiýasy koalision hökümeti düzmek üçin goldawynyň ýeterlikdigini aýdýar


 Imran Hanyň partiýasynyň parlamentdäki 269 ornuň 115-sini eýeländigi mälim boldy.
Imran Hanyň partiýasynyň parlamentdäki 269 ornuň 115-sini eýeländigi mälim boldy.

Pakistanyň oppozisiýa lideri Imran Hanyň partiýasy, 25-nji iýuldaky saýlawlarda orunlaryň köpüsini eýeläp, köplügi gazanmakdan kelte gaýdanyndan soň, kanun çykaryjylaryň özüne koalision hökümet düzmek üçin ýeterlik goldaw berjekdigini aýtdy.

"Adamlar bizi häkimiýete saýlady, onsoň, hudaý halasa, biz hökümet düzeris” diýip, Hanyň Tehrike Insap (PTI) partiýasynyň sözçüsi Fawad Çaudhry 28-nji iýulda AP habar gullugyna aýtdy.

Çaudhry berlen wadalaryň detallaryny açmady we anyk sanlaryň geljek hepde täze saýlanan kanun çykaryjylaryň kasam ediş dabarasy geçirilende, Milli Assambleýada yglan ediljekdigini habar berdi.

Pakistanyň Saýlaw komissiýasy 28-nji iýulda saýlawlaryň doly netijesini çap etdi we Hanyň partiýasynyň üstünde dalaşgärlik edilen 269 orundan 115-sini eýeländigi mälim boldy.

Ikinji orunda Pakistanyň dolandyryjy Musulman Ligasy-Nawaz partiýasy geldi, olar 64 orun gazandylar.

XS
SM
MD
LG