Ermenistanyň tussag edilen ozalky prezidenti Robert Koçarýanyň tarapdarlary onuň tussag edilmegini tankytlap, derhal azatlyga goýberilmegini talap etdiler.
Olar Koçarýanyň hökümetiň ozalky ýolbaşçylara garşy görýän kanuny çäreleriniň çäginde jogapkärçilige çekilmegini “görnetin syýasy we şahsy yzarlama” diýip atlandyrdylar.
“Bu gan dawasy, syýasy we şahsy ar alyş we kanuny esasy ýok” diýip, Koçarýanyň sözçüsi Wiktor Soghomoniýan 28-nji iýulda Ýerewanda gurnalan metbugat ýygnagynda aýtdy.
1998-2008-nji ýyllarda Ermenistanyň prezidenti bolan Robert Koçarýan 27-nji iýulda tussag astyna alyndy.
Ol 2008-nji ýyldaky dawaly prezident saýlawlaryndan soň guralan oppozisiýa protestleriniň basylyp ýatyrylmagy we 10 adamyň, şol sanda iki sany polisiýa ofiseriniň öldürilmegi bilen baglylykda aýyplanýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.