Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe sentýabrda Siriýa konfliktini maslahatlaşmak üçin sammit geçirer


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan goldawçylarynyň öňünde söz sözleýär, 15-nji iýul, 2018
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan goldawçylarynyň öňünde söz sözleýär, 15-nji iýul, 2018

Türkiýe sentýabryň başynda Siriýa konfliktini we beýleki regional meseleleri maslahatlaşmak üçin Fransiýa, Germaniýa we Orsýet bilen sammit geçirmegi planlaşdyrýar diýip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan aýtdy.

Onuň bu sözleri türk mediasynda 29-njy iýulda çap edildi, Erdogan bu duşuşygyň 7-nji sentýabrda Stambulda boljakdygyny aýtdy.

Türk lideri sammitiň gün tertibindäki başga meseleleriň jikme-jikliklerini aýtmady, emma ol, “Hurriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň “dörtlügiň çäginden daşarda” hem Orsýet bilen dialogy dowam etdirjekdigini belledi.

Moskwa, Pariž ýa Berlin häzirlikçe bu sammitiň boljagyny tassyklap, hiç zat aýtmady.

Orsýet bilen Eýran ýedi ýyla çeken we ýüz müňlerçe adamy öldüren, millionlap adamy ýaşaýan ýerinden bosduran raýat urşy döwründe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada aýgytly goldaw berdi.

Türkiýe, Fransiýa we Germaniýa bolsa, aýratynlykdaky pitneçi toparlary goldady.

XS
SM
MD
LG