Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň oppozision partiýasy ses berişligiň netijelerini derňemäge çagyrýar

Pakistanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki premýer-ministri Nawaz Şarifiň tarapdarlary
Pakistanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki premýer-ministri Nawaz Şarifiň tarapdarlary

Tussaglykdaky öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň partiýasy 25-nji iýulda geçirlen umumy saýlawlarda galplyga ýol berlendigini aýdyp, resmi derňew geçirilmegini talap etdi.

Pakistanyň Musulman ligasy - Nawaz atly partiýasy saýlawlaryň netijelerini barlamak üçin "adalat komissiýasyny" düzmegi talap edip, 29-njy iýulda çykyş etdi. Saýlawlarda öňki kriket sportsmeni Imran Hanyň "Tehrik-e Insaf" partiýasy ýeňiş gazandy.

Hanyň partiýasynyň 28-nji iýulda yglan eden ýeňşi oňa parlamentde ýeterlik orun getirmedi, emma koalision hökümeti düzmek üçin kanun çykaryjylaryň goldawyny kepil geçdi.

Hanyň "Tehrik-e Insaf" partiýasy dalaş edilýän 269 orundan 115 orna eýe boldy, "Pakistanyň Musulman ligasy - Nawaz" partiýasy 64 orna eýe boldy.

Şarif ýurduň harby ýolbaşçylaryny özüniň ikinji möhlete saýlanmagyna päsgel bermek üçin adalat sistemasyna täsir ýetirmekde aýyplady. Harbylar şeýle aýyplamalary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG