Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjik resmileri tigirçilere edilen hüjüme 'terrorçylyk' hökmünde garalýandygyny aýtdylar


Täjigistanyň Hatlon regionynda dört sany daşary ýurtly syýahatçy öldürildi

Täjigistanyň resmileri daşary ýurtly tigirçileriň öldürilmeginiň sebäbiniň terrorizm bilen bagly bolmagynyň çak edilýändigini aýdýarlar.

Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon regionynda ýüze çykan ýagdaýda tigirçiler awtoulag bilen kakylyp, yzýany azyndan bir hüjümçi tarapyndan oka tutuldy we pyçaklandy.

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimowyň 30-njy iýulda aýtmagyna görä, iki amerikan, bir daniýaly we bir şweýsariýaly syýahatçynyň öldürilmegini derňemek üçin hökümet resmileriniň ýörite topary döredilipdir.

29-njy iýulda Duşenbeden 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän Hatlon regionynyň Danghara etrabynda ýüze çykan bu ýagdaýda ýene azyndan üç daşary ýurtly ýaralandy.

"Daşary ýurtly syýahatçylary kakan awtoulagyň sürüjisi we ýolagçysy ulagdan çykyp, tigirçileri oka tutdy we pyçaklady" diýip Rahimow aýtdy we awtoulagyň hüjümiň bolan ýerinden gidendigini belledi.

Prezident Emomali Rahmon bu hüjümiň derňewini öz gözegçiliginde saklaýar.

Häkimiýetler hüjüm bilen baglylykda dört adamyň tussag edilendigini, ýene ikisiniň garşylyk görkezmegi sebäpli öldürlendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG