Gürjüstan ozalky sowet respublikalarynyň arasynda ilkinji bolup marihuananyň ulanylmagyny kanunlaşdyrdy. Gürjüstanyň Konstitusiýon sudy bu neşe maddasynyň ulanyşyna garşy girizilen administratiw jogapkärçiligi ýatyrdy.
Ýokary derejeli dört kazynyň duşenbe güni çykaran karary marihuananyň diňe ulanyşy bilen bagly bolup, bu neşe serişdesiniň ýetişdirilmegi we satylmagy heniz hem jenaýat hökmünde häsiýetlendirilýär.
“Marihuananyň ulanylmagy jemgyýetçilige salnan bir howp hökmünde häsiýetlendirilmeýär. Bu diňe ulanyjynyň öz jan-saglygyna zyýan ýetirip, munuň bilen baglylykda döräp biljek islendik netijelere ulanyjynyň özi jogapkärçilik çekýär. Bular ýaly hereketler üçin jogapkärçilik jemgyýetçilige howp abandyrmaýar” diýip, suduň kararynda aýdylýar.