Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harbylaşdyrylan guramany derňeýän rus žurnalistleri Afrikada öldürildi


 Rus žurnalisti Orhan Jemal
Rus žurnalisti Orhan Jemal

Orsýetiň Merkezi Afrika respublikasyndaky harbylaşdyrylan guramasynyň alyp barýan işlerini derňeýän üç rus žurnalisti gabawa salyndy we öldürildi diýip, olaryň habar guramasy we ýerli häkimiýetler 31-nji iýulda habar berdiler.

Orsýetiň “Derňew gözegçilik merkezi” (TsUR)atly internet habar guramasy feýsbukda ol žurnalistleriň atlaryny Orhan Jemal, Aleksandr Rastorguyew we Kirill Radçenko diýip görkezdi.

Olar bu ýurda ChVK Vagner – ýüzlerçe hakyna tutulan söwşijini iş bilen üpjün edýän hususy şertnamaçy gurama barada dokumental film taýýarlamak üçin barypdyrlar. Bu gurama, aýdylmagyna görä, Ukrainada we Siriýada Kremliň bähbidine ýerasty söweş missiýalaryny ýerine ýetiripdir.

Ýerli we halkara media Vagneriň Merkezi Afrika respublikasynda Orsýet bu ýurduň howpsuzlyk güýçlerini ýeňil ýaraglarbilen üpjün edip, olara tälim bermek üçin ýüzlerçe harby we graždan tälimçini getireli bäri hereket edýändigini habar berdi.

Rus häkimiýetleri Vagner şertnamaçylarynyň öz buýruklaryny ýerine ýetirýändigi barada aýdylýanlary ret etdi.

Bu toparyň Kreml bilen gatnaşyklary gümürtik, emma onuň liderleri Kremliň sylaglaryna mynasyp boldular, hakyna tutulan söweşijiler bolsa, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň desgalarynda tälim aldy.

XS
SM
MD
LG