Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran resmileri Trampyň sözleriniň hereketlerine ters gelýändigini aýdýarlar


Eýranyň Daşary işler ministrligiň sözçüsi Bahram Kasemi
Eýranyň Daşary işler ministrligiň sözçüsi Bahram Kasemi

Eýran resmileri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrmagy maslahatlaşmak üçin öz eýranly kärdeşi bilen duşuşyk teklip etmegini ýazgaryp çykyş etdiler.

Tramp 30-njy iýulda özüniň prezident Hassan Rohani bilen “islendik wagtda” “şert goýmazdan” duşuşyp biljekdigini aýdy. Ýogsa, Waşington maýda Tähran bilen dünýä döwletleriniň 2015-nji ýylda baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykaly bäri, ABŞ we Eýran resmileri bir-birine ýakymsyz sözleri aýdýardylar.

Eýranyň Daşary işler ministrligi 31-nji iýulda, Waşingtonyň Eýrana garşy sanksiýa girizmegini we beýleki ýurtlara Yslam respublikasy bilen biznes etmezlik barada basyş etmegini nazara alyp,Trampyň sözleriniň edýän hereketlerine gabat gelmeýändigini aýtdy.

"Sanksiýalar we basyş dialogyň gös-görnetin garşylygy bolup durýar” diýip, ministrligiň sözçüsi Bahram Kasemi aýtdy.

XS
SM
MD
LG