Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýatlarda guruljak täze awtowokzallaryň transportdaky bökdençlikleri çözmejekdigi aýdylýar


Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde guruljak awtowokzallaryň taslamasy
Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde guruljak awtowokzallaryň taslamasy

Türkmenistanyň Balkanabat, Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde täze döwrebap ýolagçy awtowokzallarynyň guruljakdygyny, ýurduň resmi mediasy habar berýär. Emma ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi ýurtda şeýle awtowokzalyň mundan ozal hem gurlandygyny aýdyp, munuň bilen transport pudagyndaky problemalaryň çözülmeýändigini aýdýarlar.

1-nji awgustda çap edilen habarda täze awtowokzallaryň ýolagçylara hem-de olary getirýän we alyp gidýän adamlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin niýetlenendigi bellenilýär. Şeýle-de, olarda ýolagçy transportynyň ähli görnüşleri üçin biletleri satmaga niýetlenen kassalaryň göz öňünde tutulandygy hem nygtalýar.

Resmi habarda 6000 m2-den gowrak meýdany eýelejek täze awtowokzallaryň her birinde awtobuslar, şeýle-de taksiler üçin duralgalaryň boljakdygy mälim edilýär. Awtowokzallaryň gurluşygynyň ýakyn gelejekde amala aşyryljakdygy aýdylsa-da, olaryň anyk haýsy senede ulanyşa beriljekdigi we gurluşyklaryna näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda şuňa meňzeş awtowokzal mundan dört ýyl çemesi ozal Aşgabadyň golaýynda hem gurlupdy. Şonda resmi media bu halkara awtowokzalda ýolagçylaryň döwrebap derejede sapar etmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini mälim edipdi.

Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, paýtagtyň ýaşaýyş böleklerinden 7 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän bu awtowokzalyň binasynda ýolagçylar üçin belli bir derejede amatlyklar döredilen bolsa-da, bu ýere barmak we ondan gaýtmak bilen baglanyşykly käbir bökdençlikler henizem saklanyp galýar.

“Awtowokzalda jemgyýetçilik transporty bolsa-da, olar örän seýrek ýygylykda gatnaýarlar. Mysal üçin, şäheriň bir bölegine gitmek üçin awtobusy sypdyrsaň, indikisi gelýänçä ýene azyndan 35 minut garaşmaly. Awtobuslara garaşylýan ýerde ýolagçylar üçin oturgyçlar ýa-da kölegeli saýawanlar hem göz öňünde tutulmadyk. Bu ýagdaý bolsa, başga şäherlerden eli agyr goşly gelen adamlary has-da köseýär. Şäher taksileri bolsa tas ýok diýen ýaly. Taksi tapsaň-da, bir adam şäheriň merkezine aşmak üçin azyndan 25 manat tölemeli” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistanda otlularyň koridorlarynda sapar edýän ýolagçylar
Türkmenistanda otlularyň koridorlarynda sapar edýän ýolagçylar

Ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi ýurtda täze awtowokzallaryň gurulmagynyň belli bir derejede gowudygyny, ýöne olaryň gurluşygyna gereginden has köp maliýe serişdesiniň sarp edilýändigini we bulary gurmak bilen transport pudagyndaky problemalaryň aradan aýrylmaýandygyny aýdýarlar.

“Awtowokzalyň binasyny kaşaň, uly görnüşde gurmagyň deregine olary kiçiräk görnüşde gurup bolar. Ondan galan maliýe serişdesini hem adamlaryň iň ilkinji amatlyklaryny, zerur hajatlaryny ýola goýmak üçin ulanyp bolar. Welaýatlaryň we awtowokzallar bilen şäher merkezleriniň arasynda has köp awtobus gatnawlaryny ýola goýup bolardy. Sebäbi gatnawlar gaty seýrek. Galyberse-de, käbir şäherden beýleki welaýata gitmek üçin 10-12 sagat çemesi ýol sökmeli. Şu aralykda ýolagçylar üçin niýetlenen hajathanalar, çaýhanalar ýok. Awtobuslarda taulet hem ýok. Şeýle-de, olarda hyzmatyň derejesi, hili hem pes, hatda ýolagçylara bir çüýşe suwam berilmeýär. Tomsuna we gyşyna sowadyjylar ýa-da ýyladyjylar hem kadaly işlemeýär. Ilki başda şu zatlar düzedilmeli” diýip, özüni Dürdäne diýip tanyşdyran Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Türkmenistanda awtobusdan başga-da, welaýatlaryň arasyndaky otly we uçar gatnawlarynda hem bökdençlikleriň bardygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýygy-ýygydan habar berýärler.

Otlularyň gatnaw tertibiniň üýtgäp durmagy, otlularyň sanynyň ýolagçylaryň talabyndan az bolmagy, biletleriň gytçylygy, ýolagçylaryň otly koridorlarynda sapar etmäge mejbur bolmagy, otlynyň içinde hem demir ýol duralgalarynda iň ýönekeý hyzmatlaryň, amatlyklaryň ýokdugy, uçar biletleriniň gymmatlygy we olaryň köplenç tapdyrmazlygy ýaly kynçylyklar bularyň käbirleridir.

Türkmenistan özüniň regional we halkara derejesinde iri transport-tranzit merkezine öwrülýändigini resmi derejede wagtal-wagtal yglan edýär. Emma ýurduň şu günki içerki demir ýol aragatnaşygy, ilkinji nobatda-da ýolagçy gatnawy esasan geçen asyryň başynda gurlan demirýol sistemasy arkaly amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG