Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Nýu-Ýorka sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de çykyş edýär. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de çykyş edýär. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda Nýu-Ýorka sapar edip, BMG-niň Baş assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde munuň bilen baglylykda, ýurduň forumda ileri tutulýan garaýyşlarynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de tassyklanylandygy bellenildi.

Bu aralykda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller öýüniň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasy meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.

Resmi türkmen maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýagdaýy we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky türkmen-amerikan özara hereketlerini işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

XS
SM
MD
LG